“Garagum-Ulag” hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň dünýä belli awtoulag öndürijisi “Тоyotа”-nyň täze nusgasyny tanyşdyrdy.Bu çäre Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň ugrunda ýerleşýän sergi zalynda geçirildi. Ýokary derejede guralan tanyşdyrylyş dabarasynda ýapon brendiniň soňky ulagy bolan, dünýäde ygtybarlylygy babatda ykrar edilen “Toyota Crown” modeli köpçülige görkezildi.
Gibrid görnüşli ulag giňdigine we uludygyna garamazdan, ýangyjy tygşytly sarp etmegi hem-de kuwwatly bolmagy bilen tapawutlanýar.
Lýuks sedan ulagynyň bu modeli 1955-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýär. Önümçiligi ýatyrylan “Avalon”-yň ýerine öndürilýän hem bolsa, bu adaty sedanlardan has tapawutly. Sebäbi, ulagyň gabarasy adaty sedandan uly, SUV-dan kiçi. Dürli ýyllarda dünýäniň birnäçe ýurdunda öndürilip, Ýer ýüzüniň ähli sebitinde uly islegden peýdalanylan ulag ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilipdir.
Model ýokary howpsuzlyk aýratynlyklary bilen hem ünsi çekýär. Ulagyň içki dizaýny sürüji we ýolagçylar üçin ýokary rahatlygy üpjün edip, şäher içinde-de, uzak aralyga sürlende-de ýadatmaýar. Ulagyň öň tarapynda “Toyotanyň” däl-de, “Crown”-yň logosy goýlupdyr. Bu bolsa, modeliň beýlekilerden has ähmiýetlidigini aňladýar. Ulagyň diskalaryndaky “Crown” logosy hem ünsi özüne çekýär.