Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy

Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy

Toyota Corolla 2022-nji ýylda dünýäde iň geçginli awtoulaga öwrüldi. Focus2move seljerijileriniň hasaplamalary boýunça, üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli onuň 629 müň sanysy satyldy.

Meşhurlyk boýunça ikinji ýerde oktýabr aýynda ýapon bazaryna täze wersiýasy çykan Toyota RAV4 krossoweri durýar. Ýylyň başyndan bäri ýedi aýyň içinde onuň 521 müň nusgasy satyldy. Öňdebaryjylaryň "üçlüginiň" yzyna 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende söwdasy 40 göterim diýen ýaly ýokarlanan Tesla Model 3 elektromobili baryp goşuldy: ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli 395 müň alyjy şu ulagy saýlady.

Biznes-sedan Toyota Camry-ni hasabat döwründe 383 müňüsi satyldy, bu hem ony dördünji orna çykardy. Ýedi aýda 358 müň sanysy satylan Honda CR-V krossoweri bäşinda ýeri eýeledi.

Tesla Model Y elektriki krossoweri dessine ýedi orun ýokary çykdy: ýylyň başyndan bäri onuň söwdasy rekord 97%-e, 310 müň nusga çenli göterildi. Ýedinji ýeri Russiýada iň geçginli koreý ulagy Hyundai Tucson eýeledi: ýanwardan iýula çenli dünýä boýunça ony 302 müň adam satyn aldy. Şeýle-de, dünýäde islegi uly awtoulaglaryň top-10-lugyna ýedi aýyň hasabat döwründe sedan Nissan Sylphy (274 müň sany), hytaýyň hit elektromobili Wuling Hongguang Mini EV (264 müň sany) we Toyota Yaris (254 sany) girdi.

Ýene degişli makalalar

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Bäsdeşlerinden ozdy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Iň geçginli elektroulag
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Tesla-nyň bazary ösýär
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy