Toyota bZ3 elektrosedanyny çykarmaga taýýarlanýar

Toyota bZ3 elektrosedanyny çykarmaga taýýarlanýar

Toyota kompaniýasy e-TNGA modul platformasynda gurlan täze elektrosedany bilen tanyşdyrdy. Gürrüňi edilýän bZ3 modelidir. Onuň birinji satyljak ýeri Hytaý bazarydyr. Bu barada Awtorewýu neşiri habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, Toyota bZ3 modeli Hytaýyň BYD we FAW kompaniýalary bilen bilelikde öndüriler.Ulag häzirki Corolla-dan ulurak, teker bazasy boýunça bolsa elektromobil Camry-niň has ulurak modelinden öňe geçdi.

Toyotanyň elektromotorlaryny we litiý-demir-fosfatly çekiji akkumulýatorlaryny Hytaýyň BYD-sy üpjün eder.Ulagyň herekete getirijisi yzda bolar.Häzirlikçe iki wersiýasy sertifisirlendi: hereketlendirijisiniň kuwwaty 184 ýa-da 245 at güýjüne deň bolanlary. Çekiji batareýalarynyň sygymy heniz mälim edilenok, ýöne şaýy tutulan elektromobilleriň agramy belli: degişlilikde 1710 kg we 1835 kg.

Aňrybaş tizligi 160 km/s bilen çäklendirilen.Hytaýda bZ3 modeliniň önümçiligi bilen Toyotanyň hyzmatdaşy bolan FAW konserni meşgullanar.Täze elektromobil FAW-Toýota bilelikdäki kärhananyň konweýerinde peýda bolar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň onlugy yglan edildi
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
90-njy awtoulag sergisi
Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar
BYD aýda 300 müň elektrokar çykarar — Tesla şonça ulagy üç aýda çykarýar