Ýaponiýanyň Toyota awtomobil brendi Mercedes-Benz-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat awtobrendi boldy diýip, mockva.ru habar berýär.
Toyota kompaniýasy 2020-nji ýylyň iýun aýynda iň girdejili kompaniýa boldy we pandemiýa hem-de izolýasiýa düzgünine garamazdan, önümçiligi ýylda 3 mln awtoulaga ýetirdi.Brendiň bahasy 59,51 mlrd dollara ýetdi.
Geçen ýylyň üçünji çärýeginde Ýewropanyň, Demirgazyk Amerikanyň we Ýaponiýanyň awtobazarynda Toyota-nyň satuwy ýokarlandy.Iň gymmat markalaryň arasynda ikinji orny Mercedes-Benz eýeledi.Brendiň bahasy 58,2 mlrd dollar. Üçünji orunda Volkswagen ýerleşýär 47,1 mlrd dollar.
Dördünji orunda 40,42 mlrd dollar görkeziji bilen BMW.Bäşligi Porsche jemleýär.Brendiň bahasy 34,31 mlrd dollar. Şol bir wagtyň özünde ösüş lideri Tesla markasy boldy.
Ol geçen ýyldaky 12-nji ornundan şu ýyl 6-njy orna geçmegi başardy.Kompaniýanyň bahasy 31,91 mlrd dollar boldy. Şeýlelikde, amerikan markasy şu ýyl dünýäde iň çalt ösýän marka boldy.
Brand Finance kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Tesla brendiniň bahasy 12,4 mlrd dollar bolup, bu kompaniýanyň soňky bir ýylda gazanan uly üstünlikleriniň subutnamasydyr.