Toyota 2021-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag markasy boldy

Toyota 2021-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag markasy boldy

Ýapon awtoulag öndürijisi bolan “Toyota” 2021-nji ýylyň fewral aýyna çenli jemi 1,32 million awtoulag satmak bilen, dünýä satuwynda öňdebaryjy bolmagynda galdy. Speedme.ru portalynyň habaryna görä, bu netije bir ýyl ozalkydan 2,2% köpdür.

Reýtingde ikinji orny şu ýylyň fewral aýyna çenli dünýäde 740,879 sany awtoulag satan nemes öndürijisi “Volkswagen” (-2.1%) eýeledi. Öňdäki 3-ligi “Honda” jemleýär. Bu awtoulag öndürijisiniň dünýädäki satuwy, takmynan, 10% ösdi (595,850 birlige).

Şeýle hem sanawyň öňdebaryjylarynyň hataryndan “Ford” we “Hyundai” orun aldy. Olar, degişlilikde, 589,167 (-17,9%) we 588,535 (+3,6%) awtoulag satdylar. Ilkinji onluga bolsa "Nissan" (577 939 birlik, +0,5%), "Chevrolet" (418 406 birlik, -22.5%), "KIA" (401 996 birlik, -4,7%), "Mercedes-Benz" (363 145 birlik, +4,3%) we "BMW" (336 434 birlik, +17,4%) girdi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
1992-nji ýylyň Toyota Camry-sy iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda lider boldy
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanda hususy awtoulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýyrdylar, TDMG-niň harby gullukçylaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi, Kataryň ilçihanasy 3 sany awtoulagy satuwa çykardy we beýleki habarlar
Aşgabatda Enrico Marinelli erkek egin-eşik dükany açyldy
2020- -nji ýylyň modelleri taýýar