Toyota konserni 2021-nji ýylyň jemi boýunça iň iri awtoulag öndüriji boldy: ýaponlar, umumylykda aýdaňda, 10,49 mln ulag satmagyň hötdesinden geldiler (konserne girýän ähli brendler göz öňünde tutulýar) diýip, EY & Assoies-iň hasabatynda aýdylýar. Elektron bölekler bilen bagly kynçylyklara garamazdan, bu netije 2020-nji ýyla garaňda has oňatdyr.
Ikinji ýeri nemesleriň Volkswagen-i eýeleýär - 8,3 mln ulag, bu 2020-nji ýyla garaňda 7% pesdir. Üçünji ýerde General Motors konserni durýar, ol 6,29 mln ulag satdy (-8%). Şeýle hem dünýäniň iň iri ulag öndürijileriniň top-5-ligine Stellantis (5,29 mln, +4%) we Honda (4,12 mln, -6%) konsernleri girdi.
Munuň üstesine, Günbatar Ýewropanyň bazarynda Volkswagen öňdeligi saklaýar (2,61 mln ulag, -3%), Ikinji ýerde Fiat, Citroen, Peugeot, Jeep ýaly ulag kysymlaryny özüne birikdirýän Stellantis barýar (2,23 mln ulag, - 1%).
Soňra Renault durýar (0,96 mln ulag, -10%).Emma düşewünt babatynda aýtmaly bolsa, onda Toyota Volkswagen konserninden asgyn gelýär. Şeýlelikde, 2021-nji ýylda nemesleriň girdejisi 250 mlrd ýewro möçberinde bolan bolsa, Toyota 238 mlrd ýewro möçberinde girdeji aldy. Üçünji ýerde Stellantis konserni gelýär - 149 mlrd ýewro.