Toýa ýaraýan ak pagta

Toýa ýaraýan ak pagta

Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä!

Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy.Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, toý pagtalarynyň taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä!

Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine toý pagtasy bolup çykyp dur.Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.

— Kärhanamyz 2020-nji ýylda 90 ýaşady. Ýöne görşüňiz ýaly, ol 90 ýaşly kärhana çalym edenok, juwan görünýär.Sebäbi milli Liderimiziň tagallasy bilen kärhana mundan üç ýyl ozal — 2017-nji ýylda täzeden enjamlaşdyrylyp, mümkinçilikleri artdyryldy.

Oturdylan enjamlar hem Germaniýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe ýaly döwletleriň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri. Şeýlelikde, bu ýer Diýarymyzyň iň kuwwatly pagta arassalaýjy kärhanalarynyň birine öwrüldi — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akmal Nyýazow gürrüň berdi.

Bu kärhana Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebappagta önümçilik birleşigine degişli bolup, önümçilik kuwwaty günde 200, ýylda 68 müň tonna pagtany arassalamaga we gaýtadan işlemäge doly mümkinçilik berýär.

Eger 200 tonna pagtadan bary-ýogy 10 tonna çemesi galyndy çykýar diýip hasaplasak, galan pagtanyň 62 tonnasyny süýüme, 115 tonnasyny pagta çigidine, 4 tonnasyny linte, 2 tonnasyny ulýuga we 7 tonnasyny has ýumşak önümçilik galyndysyna (puh) öwrüp bolýar. Üç çalşykda alnyp barylýan işleriň netijesinde, bir günde şeýle toplaryň 200 çemesini öndürip bolýar.

Kärhanada şu günler täze hasyl gaýtadan işlenilýär. Munuň üçin onuň bir çetinde birnäçe tonna pagta üýşürilipdir. Harmanhanadan pagtany alyp, arassalap, ony taýýar önüme öwürmäge çenli ähli işler awtomatlaşdyrylan ýagdaýda alnyp barylýar. Işgärlere diňe enjamlaryň saz işleýşine gözegçilik etmek ýeterlik. Ýeri gelende aýtsak, kärhanada 265 adam zähmet çekýär. Olaryň 66-sy gönüden-göni önümçilik bilen bagly işgärlerdir.

Kärhana Döwletli we Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerinde ýygnalan ak altynyň bir mukdaryny gaýtadan işleýär.Has takygy, kärhananyň alty sany harmanhanasy bar.Olar Kerkiçi şäherinden başga-da, Burguçy, Daşrabat, Tallymerjen, Jeýhun we Ýylgynagyz obalarynda ýerleşýär.

Harmanhanalarda ýygnalan ak altyn MTZ-80 traktorlarynyň 30-a golaýy bilen daşalýar.Taýýar önümleri dokmadyr ýag öndüriji kärhanalara daşamak işi bolsa ýük ulaglarynyň 6-sy bilen amala aşyrylýar.

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp berlen täze enjamlaryň toplumy işlenen pagtanyň galyndysynyň has azalmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde-de, önümlerimiziň hili görnetin ýokarlandy. Şeýle bolansoň, olar dokma we ýag öndüriji kärhanalaryň talaplaryny doly ödeýär.

Harmanhanalardan ýylyň ähli paslynda pagta gelip dur. Şonuň üçin hemişe iş ýetik.Döwrebap şertler işgärlerimizde ýadawsyz işlemäge bolan höwesi has-da artdyrýar — diýip, kärhananyň tehniki howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçysy Penji Gurbanow aýdýar.

...Kärhananyň çäginden çykyp, gaýdyp barýarkak, üsti top-top süýümli ýük ulaglarynyň ýene biri dokma toplumlarynyň birine tarap ýola düşdi. Bu topraklarda biten ak altyn bir gün egne ýaraşykly lybas bolup dolanyp geler...

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21372

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
Sarymeýdan obasyny agyz suwy we güzeran kynçylygy heläk edýär
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi