Towuklara han boljak tilki

Gadym eýýamlarda, ýyllaryň bir ýylynda, günleriň bir gününde: “Haýwanlary ýygnamaly, tilki towuklara han bellenjekdir” diýip, jar çekilýär.Bu sözi eşiden tilki: Meni towuklaryň hany etjeklermiş diýip, aglaýar eken.

Bir gün aglan, iki gün aglan, üçünji güni gökde uçup barýan bir durna munuň sesini eşidip, ýanyna gelip: Näme aglaýarsyň, tilki aga!diýipdir.Tilki hem: Meni towuklara han bellejekmişler, şoňa aglaýaryn.Asmanda erkana uçup ýören durna tilkiniň aýdanyny eşidip: Özi han bolsa, ezýetsiz bolmaz, seni bize han etmeseler bolýar diýip, uçup gidipdir.Birnäçe gün geçenden soň, bu tilkiniň üstünden bir şagalyň ýoly düşüpdir.

Ol: Ýeri, tilki dost, näme aglaýarsyň diýipdir. Meni towuklara han etmek isleýärler. Eý, akmak, sen näme aglaýarsyň?Sen mydama towuk gözläp, gijeden-gije sümsünip, ony keteginden ogurlajak bolup, azara galyp ýördüň.

Indi bolsa, seni olara han edýärler.Bagtyň çüwüpdir.Günde bir towuk iýde ýat.Onda tilki şagala bakyp: Eý şagaljan, men şol habar ýalanmyka diýip gözýaş dökýärin, indi düşündiňmi?

diýýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda mal we towuk etleri gymmatlady
Garaşsyz neşir: Sarymtyl reňkdäki towuk eti satuwa çykaryldy
Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy
Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary
Öňki prezidentiň saparyna taýynlanýan Lebapda arzan azyk önümleri peýda boldy
Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri
“Uolles bilen Gromitiň” dowamy bolar