Towuk we tilki

Bir bar eken, bir ýok eken.Gadym zamanlarda bir garry mamanyň her gün bir altyn ýumurtga guzlaýan towugy bar eken.Günlerde bir gün onuň keteginiň agzynda bir aç tilki peýda bolupdyr-da, dişlerini gyjyrdadypdyr.

Towuk aljyraman, ketegiň agzyndaky agajyň üstüne uçup çykyp, tilkä ýüzlenipdir: Eý, tilki, näme üçin seniň dişleriň ýiti? Duşmanlaryň menden heder etmegi üçin. Seniň duşmanlaryň kim? Kimiň etini iýýän bolsam, şol. Diýmek, menem duşmanyň-da? Hawa, sen-ä birinji duşmanym.Tilki şeý diýip, towugyň oturan ýerine towsupdyr.

Towuk ondan sypyp, ketege giripdir-de, gapynyň agzyndaky burça sowlupdyr.Tilki hem onuň yzyndan kürsäp urupdyr weli, maňlaýy ketegiň törüne degip, seňseläpdir.Towuk ketegiň gapysyna gysylyp, daşaryk böküp çykypdyr.

Gapynyň ilgençegi sypypdyr-da, ýapylypdyr.Tilki özüni dürsäp seretse, towuk ketegiň üstüne çykyp wak-waklap dur diýýär. Ätiýaçly towugyň gylygyna belet kempir “Bu biderek ýere gygyrýan däldir” diýip, onuň ýanyna ylgapdyr.

Gelip görse, towuk mekir tilkini ketegine gabap goýupdyr.Kempir tilkiniň derisini soýduryp, ony towugyň keteginiň gapysynyň üstüne çüýledipdir. Şondan soň, towugy iýjek bolup, ketege ýekeje tilki-de gelip bilmändir.

Ýene degişli makalalar

Gülki bolan tilki
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Alymlar : Gadymy döwürde adamyň dosty it däl-de, tilki bolupdyr
Ýeňijiler mälim edildi
Pudaklaýyn žurnalyň täze sanynda ekologiýa medeniýetiniň dürli ugurlary beýan edilýär