Towuk budunyň täjirçilik bahasy birden ýokarlandy, 'arzan' towuk budunyň nobatlary artdy

Towuk budunyň täjirçilik bahasy birden ýokarlandy, 'arzan' towuk budunyň nobatlary artdy

Ýurtda azyk önümleri gün-saýyn gymmatlaýar. Hususy söwda nokatlarynda unuň, ýumurtganyň we ösümlik ýagynyň gymmatlamagynyň yzýany birnäçe günüň içinde towuk budunyň bahasy hem iki esse çemesi ýokarlandy. Ilat köpçüligi şu çaka çenli towuk buduny has elýeterli azyk önümi hasap edýärdi.

Azatlygyň habarçylary towuk budunyň çalasynlyk bilen gymmatlaýandygyny belleýärler. Bir kilogramy 17-18 manada satylan bu önümiň täjirçilik bahasy 4-nji oktýabrda 30 manada çenli galan bolsa, 8-nji oktýabrda eýýäm 50 manada ýetipdir.

Bu aralykda käbir bazarlarda döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan towuk budunyň söwdasy ýola goýlupdyr. Türkmenabadyň “Gök” bazarynda hökümet tarapyndan arzan bahadan towuk etiniň satylyp başlanan wagty uly nobatlar döräpdir.

Emma alyjylaryň sözlerine görä, döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan has tygşytly boljagyny umyt edip, nobata durup azap bilen satyn alnan azygyň esli bölegini doň emele getirýär.

"Satuwa çykarylan towuk budunyň 1 kilogramynyň ýarysy doň. 16 manat berip, 8 manatlyk et alýarys" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan hödürlenýän towuk budunyň bir kilogramy 16 manada durýar.

Subsidirlenen towuk budy şäheriň beýleki bazarlarynda satylmaýar, käbir döwlet dükanlarynda örän çäkli mukdarda satuwda peýda bolýar we tiz gutarýar.

"Gök" bazarda towuk budy satylanda nobatlar daňdan sagat 5-de başlanýar, haryt 1-2 sagadyň içinde satylyp gutarýar.

Türkmenabatdaky çeşmeleriň habaryna görä, emele gelýän nobatlarda dawa-jenjeliň ýüze çykmazlygy we nobatlaryň surata ýa-da wideo düşürilmezligi üçin söwda nokadyna birnäçe polisiýa işgäri berkidilýär.

"Gök bazara ýakyn bolan şäheriň ikinji polisiýa bölümçesiniň işgärleri bazarda ýüze çykýan nobatlarda tertip-düzgüne gözegçilik etmek üçin ugradyldy" diýip, türkmenabatly çeşmeleriň biri habar berdi.

Ýaňy-ýakynda hususy dükanlarda towuk budunyň bahasy 25 manatdy. Ilat köpçüligi bir kilogramy 80 manada golaýlan sygyr we goýun etiniň gymmatçylygy sebäpli arzan hasaplanýan towuk buduny has elýeterli hasap edýärdi.

"Öň subsidirlenen towuk budunyň bahasy hususyýetçilerde satylýan towuk budunyň bahasyndan 1-2 manat tapawut edýärdi. Oktýabr aýynyň 4-nde towuk budunyň bahasy birden sebäpsiz ýokarlandy" diýip, bazar satyjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy azyk önümleriniň birden gymmatlamagynyň sebäpleri barada söwda wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Soňky hepdede azyk önümleriniň ençemesiniň gymmatlamagy we gytalmagy dowam edýär. Täjirçilik bahalaryň ýokarlanmagy un, çörek, ýumurtga, et we ösümlik ýagy ýaly önümlere degişli. Käbir azyk harytlary gytaldy.

Aşgabatda we welaýatlarda hususy dükanlarda günebakar ýagy satuwda azaldy.

"Balkanabatda diňe bir söwda merkezinde günebakar ýagy bir gutusy 2 adama satýarlar ol hem "Kämil" marketde. Gutularyň iki görnüşi bar we olar hiline görä bahalanýar biri 26 manada, beýlekisi 48 manada durýar. 5-nji, 6-njy we 7-nji oktýabr günleri ýag üçin nobatlarynyň yzy üzülmeýär" diýip, balkanabatly çeşme gürrüň berdi.

Günebakar ýagy şu aýyň başynda tas iki esse gymmatlady.

Balkanabatly ýaşaýjylar azyk gytçylygynyň 6-njy oktýabrda bellenýän hatyra güni sebäpli sadaka bermek beýlede dursun, hatda adatça pişme bişirip paýlamak üçin hem köp maşgalada mümkinçiligiň bolmandygyny gürrüň berdiler.

Ýag gytçylygy we azyk gymmatçylygy ilatyň azyk üpjünçiligini gowşatdy we aladasyny artdyrdy.

"Adamlar panikada, ýene azyk gytçylygy bolarmy? Ösümlik ýagy näme üçin satylmaýar? diýen soraglar köpeldi" diýip, ýerli çeşme aýdar.

Balkandaky habarçymyz ösümlik ýagynyň gytçylygy sebäpli ýerli ilatyň döwlet dükanlaryndaky pagta ýagyny satyn almaga howlugýandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri emele gelen gytçylygy we häzirki gymmatçylygy düýpden agzamaýar we onuň sebäplerini ilata düşündirmeýär. Bu ýagdaý ilaty dowula salýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy
Banklaryň raýatlara kredit bermekden ýüz öwürýän pursatlary köpelýär
Sebitlerde ilat subsidirlenýän önümlere garaşýar, Aşgabatda gije azyk önümleri getirilýär
Aşgabatda öýlere iýmit paýlandy, Maryda çörek almak üçin nobatlar we ýakalaşyklar döreýär
Bir raýatyň müň raýatlyk Wi-Fi’ kyssasy
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy