“Touareg” Ygtybarly ulag

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylyk, söwda we durmuş hyzmaty ulgamlarynda hem-de beýleki pudaklarda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga uly ýardam edýär.Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň, telekeçileriniň öndürýän önümleri bu gün diňe bir içerki sarp edijilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem barha giň orun alýar.Golaýda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Volkswagen” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili “Garagum Ulag” hojalyk jemgyýetiniň guramagynda “Volkswagen Touareg” kysymly täze awtoulagyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň uly tagalla edýändigini aýdyp, telekeçilik pudagyndaky döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.Soňra dünýäde ygtybarlylygy babatda köp ýyldan bäri ykrar edilen nemes brendiniň iň soňky ulagy tanyşdyryldy. Ýangyjy tygşytlamagy, daşky gurşaw üçin zyýansyzdygy, ygtybarlylygy, giň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň bolmagy bu brendi beýleki önüm öndürijilerden tapawutlandyrýar.“Touareg” kompaniýanyň öndüren iň lýuks modelleriniň biri bolup, onuň daşky görnüşi has owadan, enjamlaşdyrylyşy has ýokary.

Modeliň ilkinjisi 2002-nji ýylda öndürildi.Kompaniýanyň brendleri bolan “Porsche Cayenne” we Q7 modelleriniň platformasynda döredilen bu SUV ulagynyň ikinji nesli 2010-njy ýylda peýda boldy. 8 ýyldan soňra bolsa, MLB platformasynda täze nesli peýda boldy.

MLB “Audi Q7”, “Bentley Bentayga”, “Lamborghini Urus”, “Porsche Cayenne” we “Audi Q8” ýaly beýleki kaşaň awtoulaglaryň umumy platformasydyr.VW-niň täze modeliniň uzynlygy 4878 mm, ini 1984 mm.

Bu ozalky modelden has giň we uzyndyr.Ulagyň V6 turbo benzinli, V6 dizel hem-de V8 turbo dizel motorly görnüşleri bar.Ulag hytaý bazary üçin gibrid hereketlendiriji modelini hem taýýarlady.Ulagyň 13 reňkli görnüşi bolup, led çyralary onuň bezegini has-da artdyrýar.

Içki dizaýny babatda hem ünsi özüne çekýän ulag multimedia ekrany, ses ulgamy, dürli reňkli ýagtylandyryjy çyralar we serginlediji ýaly aýratynlyklary hödürleýär.Ulag ygtybarly sürüş ulgamlary bilen hem üpjün edilipdir.“Volkswagen” konserniniň taryhy 1934-nji ýyldan başlanýar. Şol wagtlar nemes halky üçin uly bolmadyk, ygtybarly we arzan awtoulagy işläp taýýarlamak zerurlygy ýüze çykypdyr.

Bu iş meşhur nemes konstruktory Ferdinand Porşa tabşyrylýar.Ol bir ýarym ýyldan ilkinji “halk awtoulagynyň” birnäçe görnüşini döredýär.Kompaniýanyň ady “volk” halk, “wagen” awtoulag sözlerinden ybaratdyr. 1938-nji ýylyň 26-njy maýynda “Volkswagen” zawodynyň düýbi tutulýar.

Ilkinji “Volkswagen” şowly çykýar we uly meşhurlyga eýe bolýar. 1938-nji ýylda “New York Times” gazetindäki makalada bu ulagyň daşky keşbi tomzaga meňzedilipdir.Bu at şeýle bir ornaşyp, ol kärhananyň hakyky ýüzüni görkezipdir.

Häzirki wagtda nemes awtoulag öndürijisi awtoulag satmakda öňdeligi eýeleýär.Onuň 15 ýurtda zawody bolup, “Audi”, “SEAT”, “Skoda”, “Volkswagen”, “Rolls-Royce”, “Bentley”, “Bugatti” we “Lamborghini” ýaly meşhur markalary öndürýär.

Esmira AGAMÄMEDOWA,Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
Skoda, Volkswagen, Audi we SEAT awtoulaglary yzyna çagyrylýar
Ýewropada öňdeligi eýeleýär