“Tottenham” 57 ýyldan soň ýarym finalda

Çärýek finalyň jogap duşuşyklarynyň, hatda soňky ýyllaryň iň ýatda galan oýny “Mançester Siti” bilen “Tottenhamyň” arasynda bolup geçdi.Oýnuň ýarym sagady geçmänkä 5 gol geçirilen duşuşyk VAR baradaky jedelli gürrüňleri ýene bir ýola gozgady.

Londonda 10 asgyn gelen “Siti” öz meýdançasyndaky oýna gol bilen başlady. 4-nji minutda Rahim Sterling hasaby açdy. 7-nji we 10-njy minutlarda soňky wagtlarda ýokary netije görkezýän we 1-nji oýundaky ýeke goluň awtory, Günorta koreýaly hüjümçi Hyn Min-son “Tottenhamy” öňe çykardy. 11-nji minutda Bernardo Silwa hasaby deňledi. Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek başdaky 11 minutda 4 gol hasaba alyndy. 21-nji minutda Kewin de Bruýneniň pasyny alan Sterling duşuşykda 2-nji goluny derwezä girizdi. 1-nji ýarym 32 hasabynda “Sitiniň” peýdasyna tamamlandy.

Ýene-de bolmady

2-nji ýarymda-da hüjümlerini ýygjamlaşdyran “Mançester Siti” 59-njy minutda Serhio Agueronyň goly bilen 2 oýnuň netijesi boýunça öňe saýlandy.Bu hasap olaryň ýarym finala çykmagy üçin ýeterlikdi.

Töwekgelçilik eden Poçettino ýarymgoragçy çykaryp, ornuna hüjümçi Fernando Llorenteni meýdança girizdi.Tejribeli hüjümçi hem ynamy ödäp, 73-nji minutda tapawutlandy.Bu gol ýarym finalçyny üýtgedip, indi “Siti” gol geçirmek üçin täzeden hüjüme geçip başlady. 90+3-nji minutda “Tottenhamyň” oýunçylarynyň ýalňyşlygyndan peýdalanan “Mançester Siti” topary 5-nji pökgini-de londonlylaryň torundan girizdi. Ýöne baş emin Jüneýt Çakyr VAR-yň görkezmesi boýunça Rahim Sterlingiň bu goluny ofsaýt bolany sebäpli hasaba almady. Şunlukda, taryhy duşuşyk 43 hasabynda tamamlandy we “Tottenham” 57 ýyldan soň, 2-nji gezek ýarym finala çykdy.

Olar soňky sapar bu ýaryşda 1962-nji ýylda ýarym finala çykypdy.Iki ýarym finalyň arasyndaky 57 ýyl hem rekorda deň bolup, ondan öň “Atletiko Madrid” 2-nji ýarym finalyna 40 ýyl garaşypdy. Şol bir wagtyň özünde-de “Tottenham” bäsleşigiň Çempionlar ligasy diýen at bilen geçirilip başlanany bäri ýarym finala çykan 7-nji iňlis kluby boldy (“Arsenal”, “Çelsi”, “Lids”, “M. Ýunaýted”, “Liwerpul”, “M.

Siti”).Iňlis klublary bu ugurda ispanlardan öňe saýlanyp, rekordyň ýeke-täk eýesi adyny aldy. “Mançester Siti” bassyr 2-nji, Guardiolanyň tälimçiliginde bolsa, 3-nji ýola ýarym finalyň bosagasyndan gaýtdy. “Siti” şolaryň ikisinde iňlis klublaryndan asgyn geldi.

Ýene degişli makalalar

“Çelsiniň” Sterlingi bar
Poçettino öňki toparyny derbi-dagyn etdi
“Porto” 7-nji, “Tottenham” 2-nji gezek çärýek finalda
Ronaldo, Mbappe meýdança çykar, Fransiýa bilen Germaniýa duşuşar
Çempion giç açyldy, Ronaldonyň täze rekordlary
IFFHS XXI asyryň iň gowy futbol eminini yglan etdi