Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’

Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’

Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde anna güni öýlän duýdansyz turan tot-tozan, dumanly howa we yz ýany howada emele gelen ýakymsyz ys sebit ýaşaýjylaryny gorkuzdy’. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

Köp sanly mekdeplerde ikinji salkynda okaýan okuwçylar howanyň ümezleşmegi bilen gyssagly ýagdaýda öýlerine ugradyldy. Çal tozan welaýat merkezinde we ýanaşyk sebitlerde gijesi bilen saklandy.

Demgysma keselinden ejir çekýän birnäçe ýaşaýjy tot-tozanly howanyň yz ýany, üsgülewügiň ýygylaşandygyny aýdýarlar.

Çal tozan turanda mekdeplerden gyssagly ýagdaýda öýlerine ugradylan okuwçylar hem ümezleşen howada dem almagyň kynlaşandygyny, üsgülewgiň ýygjamlaşandygyny aýdýarlar.

“Öýlän salkynda okaýan okuwçylar çal tozan turanda üsgürip başlapdyrlar. Mugallymlar okuwçylara ylgap, öýlerine gitmegi, öýlerine baryp, derrew agyzlaryny we burunlaryny çaýkamaklaryny tabşyrypdyrlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde soňky ýyllarda tot-tozan, howanyň duýdansyz ümezleşmegi, çägeli şemalyň öwüsmegi, howanyň düzüminde tozan, duz bölejikleriniň köpelmegi ýaly howa hadysalary köp gaýtalanýar. Häkimiýetler adatdan daşary howa şertleri barada düşündiriş bermeýärler.

Maryda turan çal tozan käbir ýaşaýjylary dürli çaklamalara iterdi.

“Köp adam ýene-de koronawirus keseline garşy howadan derman sepilýändir öýtdi, sebäbi howada hloryň ysy ýiti duýuldy” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, global koronawirus pandemiýasy döwründe, ýokanç kesele garşy göreş tagallalarynyň çäklerinde, türkmen häkimiýetler ýurduň dürli sebitlerinde uçarlar bilen howadan derman sepipdiler.

Maryda turan tot-tozanyň yz ýany, IMO sosial ulagymda paýlaşylan käbir suratlarda adatdan daşary howanyň gerimini belli bir derejede görmek bolýar. Bir suratda, görnüşinden, gije wagty köçelerdäki çyralaryň ýagtysynda ümezleşen howany synlamak bolýar.

Sosial media ulanyjylary birek-biregi tozanly howada agyz-burun örtüklerini dakynmagy, zerur bolmadyk halatynda daşaryk çykmazlygy ündeýärler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly dowam edýän global aladalaryň arasynda daşky gurşaw meseleleri halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibinde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Merkezi Aziýa sebitinde, hususan-da, Aral deňziniň suwunyň çekilmegi bilen sebit ýurtlarynda, şol sanda Özbegistanda we Türkmenistanda, gurak we ýarym-gurak sebitlerde duzly we çägeli tozan gaýtalanyp durýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri Aral deňzini halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygynyň, suw hyzmatdaşlygynyň ýola goýulýandygyny, şeýle-de daşky gurşaw meselelerini, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde bilelikde tagallalaryň güýçlendirilýändigini aýdýarlar.

Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginde ýerleşen Aral deňziniň suwy, hususan-da, sowet häkimiýeti ýyllarynda sebitde suw serişdelerinden tygşytsyz peýdalanylmagy netijesinde ep-esli çekildi. Ekologiýa betbagtçylygyna getiren bu ýagdaý sebit ýurtlaryna çözülmesi kyn daşky gurşaw meselelerini we durmuş-ykdysady problemalary miras goýdy. Şeýle-de, hünärmenlere görä, Aral deňziniň suwunyň çekilmegi sebitde çölleşmäniň gerimini giňeltdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreş boýunça konwensiýasyna 1996-njy ýylda goşuldy.

BMG-niň web sahypasyna görä, bu konwensiýanyň çäklerinde özbek hökümeti 15-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde çägeli we duzly harasatlar boýunça ýokary derejeli çäre geçirýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda çölleşmä garşy maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdýar. Şeýle-de, türkmen mediasy ýurtda her ýylda ekilýän millionlarça düýp agaç nahallaryny daşky gurşawy goramak tagallalaryna mysal görkezýär.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, soňky birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň nebitgaz desgalaryndan syzylyp çykýan metan zyňyndylary hem üns merkezine çekilýär.

“Eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurtda yzygiderli ýagdaýda tozanly howa hadysalary hasaba alynýar. Ýöne häkimiýetler tozanly howanyň mümkin bolan sebäpleri barada habar bermeýärler” diýip, Maryda turan tozanly howanyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde anna güni bolup geçen tozanly howa barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda we Lebapda ýene tozan turdy
78 göterim yzgaryny ýitirdi
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen Bir bitewi suw sammitine gatnaşdy