Ýaponiýanyň çip öndürijisi Rohm Co.Ltd kompaniýasy Japan Industrial Partners Inc.-yň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna goşulmagy göz öňünde tutýar.Bu maýadarlar topary Ýaponiýanyň Toshiba Corp.
kompaniýasyny satyn almak isleýär.Rohm Co.Ltd kompaniýasy munuň üçin 300 milliard ýen (2,14 milliard dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bu maýadarlar toparyna Suzuki Motor Corp.
awtokonserniniň hem goşulmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, bu geleşigiň umumy bahasy 2,2 trillion ýene barabar bolar.
Söýün JUMAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.