
Seriýa A-nyň 26-njy tapgyrynyň çäginde Turiniň iki kluby Ýuwentus bilen Torino duşuşdy. Bu oýun Türkmenistan: Sport teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. Goňşularyň duşuşygy 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Ýer eýeleriniň goragçysy Matteýs de Ligt 13-nji minutda tapawutlandy. Niderlandly futbolçy meýdanyň burçundan oýna girizilen topy kellesi bilen derwezä gönükdirmegi başardy.
Torinonyň kapitany Andrea Belotti 62-nji minutda hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi.
Seriýa A-da 47 utukly Ýuwentus dördünji orny eýelemek bilen, öňde barýan Milandan 8 utuk yza galýar. 33 utuk toplan Torino bolsa 10-njy ýerde ornaşdy.