Tor: Söýgi we Gümmürdi atly täze filmiň treýleri bilen tanyşdyryldy

Tor: Söýgi we Gümmürdi atly täze filmiň treýleri bilen tanyşdyryldy

Marvel studiýasy Tor: Söýgi we Gümmürdi atly täze filmiň uly bolmadyk treýlerini resmi görkezdi, täze wideorolik studiýanyň YouTube-ýaýlymynda ýerleşdirildi.

Wideoda aktýor Kris Hemsworduň gahrymany ruhlandyryjy sözler bilen çykyş edýär, şeýle-de Toruň, Walkiriýanyň we Älemiň Sakçylarynyň gatnaşmagyndaky söweşden parça görkezilýär, olar kinokomiksiň täze bölüminde çykyş edýärler.

Filmde esasy ýaramaz gahryman Gorranyň keşbini Kristian Beýl janlandyrýar.

Täze filmiň ýordumy täze gök gümmürdisiniň Taňrysynyň peýda bolmagyna bagyşlanýar, ol zenandyr. Natali Portman bu keşbi janlandyrýar, onuň gahrymany Jeýn Foster ylahy güýje eýe bolýar. Filmde başga-da Tessa Tompson, Deýw Batista we Rassel Krou dagylar surata düşdüler.

Filmiň dünýäde ilkinji görkezilişi 8-nji iýula meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Hünärmenler yssydan goranmagyň milli usullaryny paýlaşdylar
Hepdäniň täze animasiýalary
16 ýyllyk rekordy täzeledi
“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa
TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy