TOPH we TOP taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar

TOPH we TOP taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Faýsalabadyň Söwda-senagat edarasynyň (FCCI) prezidenti doktor Hurram Tarik bilen duşuşdy. Bu barada Associated Press Of Pakistan habar berdi.

Duşuşykda türkmen diplomaty TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisiniň we TOP (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan) elektrik geçiriji liniýasynyň diňe bir Pakistanyň uzak möhletleýin energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem sebitde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri hem açjakdygyny nygtady.

Uzynlygy 1830 kilometr bolan gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaz bolup durýar we TOP Pakistanyň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek eder diýip, ilçi aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň eýýäm Pakistana awtomobil ýolunyň üsti bilen suwuklandyrylan tebigy gaz iberip başlandygyny we şu wagta çenli 50 tankeriň eltilendigini belledi.

Hurram Tarik energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we iki ýurduň hem ikitaraplaýyn söwda meselesine ünsi jemlemelidigini aýtdy. Şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye we Yrak suw işleri boýunça hyzmatdaşlygyny giňelderler
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýda Gaza Üçin Jemlenişdi
Hakan Fidan, Ysraýyl-Palestina Dartgynlygy Barada Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar
Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)