TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär

TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär

Kabul şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Oňa TAPI Pipeline Company Ltd Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow hem-de Owganystanyň dag-magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar gatnaşdy.

Ministrlik tarapyndan ýaýradylan metbugat beýanatyna görä, duşuşykda şu aşakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:

Delawar TOPH taslamasynyň diňe bir Owganystan üçin däl, eýsem, ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin hem bähbitli boljakdygyna üsni çekip, owgan halkynyň bu iri ykdysady taslamany goldaýandygyny hem-de owgan tarapynyň bu ugurda islendik hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar taslama boýunça işleri çaltlaşdyrmak üçin tehniki toparyň ýygnaklaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hyrat şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar we söwda we senagat ministri Nuretdin Azizi bilen duşuşypdy.

Duşuşyklaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri TOPH taslamasynyň gurluşygy bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan Owganystan bilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi