TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler

TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler

TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Owganystanyň Dag-magdan senagaty we nebit ministrligi habar berdi.

Delawaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek Owganystanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir owgan tarapynyň däl, eýsem oňa gatnaşyjy üç ýurduň hem bähbitlerine hyzmat eder diýip, ol belledi.

Taraplar taslamanyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini gözden geçirdiler we onuň ähli taraplary bilen bagly bilelikdäki tagallalary has gowy utgaşdyrmak üçin Iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna TOPH taslamasyna berilýän yzygiderli goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
Pakistanly resmi: TOPH taslamasy, maliýe meseleleri çözülenden soň, üç-dört ýylyň içinde tamamlanar
Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Owganystan TOPH taslamasy boýunça howpsuzlyk gurşawyny döretmäge taýýardygyny mälim etdi
Türkmenistan bilen Saud Arabystany maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy