TOPH: Pakistan gazyň nyrhyny peseltmek üçin täzeden gepleşýän wagty, ýurduň Senatynyň başlygy türkmen ilçisi bilen duşuşdy

TOPH: Pakistan gazyň nyrhyny peseltmek üçin täzeden gepleşýän wagty, ýurduň Senatynyň başlygy türkmen ilçisi bilen duşuşdy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow Pakistan Senatynyň başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen duşuşdy.Bu duşuşyk Pakistanyň türkmen gazynyň bahasyny peseltmek üçin edýän täze tagallalarynyň fonunda geçirilýär.

Pakistan radiosynyň habaryna görä, duşuşygyň dowamynda Sanjrani Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ykdysady pudaklarda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de, ol iki ýurduň parlament wekilleriniň arasynda-da gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. “Türkmenistan Pakistan üçin wajyp” diýip, pakistan metbugaty Senatyň başlygynyň sözlerini getirýär.

Yslamabat TOPH halkara geçirijisiniň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna başlamazdan ozal, gazyň bahasynyň arzanladylmagyny talap edýär.Muny Pakistanyň “Dawn” neşiri habar berýär. “Çarşenbe güni Pakistan Türkmenistandan alynjak gazyň nyrhyny peseltmek hakynda gepleşiklere başlamak üçin bäş agzaly komitet döretdi.

Bu karar häkimiýetler türkmen gazynyň Katardan we beýleki ýurtlardan satyn alynýan suwuklandyrylan gaza garanda has gymmat düşýändigi barada netijä gelenlerinden soň kabul edildi diýip”, “Dawn” ýazýar.Pakistanly resmileriň sözlerine görä, eger TOPH durmuşa geçirilse we gaz häzirki bellenen bahasyndan satylsa, bu Pakistana Katardan we beýleki ýurtlardan elýeterli bolan suwuklandyrylan gazdan 5-10 % gymmat düşer.

Habara görä, Aşgabat bilen Yslamabat fewralda gazyň bahasyny gepleşmek boýunça ylalaşdy.Mundan ozal, Pakistan halkara gaz geçiriji bilen bagly Owganystandaky howpsuzlyk şertlerine alada bildirip, Türkmenistandan kepillik sorapdy.Oktýabrda Pakistanyň “The News” neşiri halkara taslama işe girenden soň, onuň Owganystandan geçýän böleginde islendik ýykgynçylyk ýüze çykan halatynda Pakistanyň üstaşyr gaz ýitgisiniň öwezini Türkmenistanyň dolmaga razy bolandygyny habar beripdi.

Beýleki tarapdan, hindi metbugatyna görä, türkmen gazynyň bahasy Hindistana-da gymmada düşýär.Maglumata görä, Hindistan türkmen gazynyň 1000 kub metrini 354 dollara satyn almaly bolar. 9-njy ýanwarda Pakistanyň “Dawn” neşiri gazyň bahasyny peseltmek boýunça Hindistanyň hem türkmen häkimiýetlerine hat ugradandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet daşary ykdysady iş bankyna TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen ylalaşmaga ygtyýar berdi.Bu karara prezident 9-njy ýanwarda gol çekdi.

Geçen noýabrda Saud gaznasynyň Türkmenistana gaz geçiriji üçin 40 million dollarlyk turba ugradandygyny türkmen mediasy habar beripdi.Beýleki tarapdan, Türkmenistan bu taslama üçin Russiýadan hem 219 million dollarlyk turba satyn aldy.

Muny Yslam ösüş banky maliýeleşdirdi.Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.Taslamanyň umumy bahasy 2015-nji ýylda 10 milliard dollar töweregi diýip kesgitlenipdi. 2019-njy ýylyň maýynda türkmen resmileri munuň bahasynyň 8 milliard dollara düşendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol menzilindäki partlama zerarly Pakistana gynanç bildirdi
Pakistanda Howanyň Hapalygy Sebäpli Okuwlara Arakesme Berildi
Pakistanda Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artýar
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Zombiler baradaky täze filmiň görkeziljek wagt mälim edildi
Benedikt Kamberbetç “Möý adamyň” kerebine düşdi