TOPH gaz geçirijisiniň işlerini mart aýynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär

TOPH gaz geçirijisiniň işlerini mart aýynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär

Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti şenbe güni Aşgabatda türkmen resmileri bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça wagtlaýyn togtadylan işleri mart aýynda dowam etdirmegi ylalaşdylar. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligi duşuşygyň netijeleri boýunça ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we başga-da birnäçe türkmen resmileriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatik we ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy, TOPH we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depgininiň işjeňleşdirilmegi, söwdanyň we hususy pudagyň işiniň ösüşi, mermeriň, ter we guradylan miweleriň eksportynyň ýokarlandyrylmagy, Akina we Turgundy şäherlerinde demir ýol taslamalarynyň tamamlanmagy hem-de ýel energiýasyna maýa goýumlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, taraplar elektrik geçirijisi, TOPH taslamasy we demir ýoly boýunça işleri 2022-nji ýylyň mart aýynda başlamak barada ylalaşdylar.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar Owganystany Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda üstaşyr ýoly hökmünde ulanmak hem-de suwuklandyrylan tebigy gazy, minerallary, azyk we beýleki söwda harytlaryny bu ýol arkaly daşamak barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen tarapy COVID-19 ýokanjy sebäpli Kabulda galan onlarça owgan talyplaryna mart aýynyň başynda Türkmenistanda okuwlaryny dowam etdirmäge rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi