Toparlaryň deň ýarysyna golaýy Stambul şäherine wekilçilik eder

Türkiýäniň çempionaty “Süper Lige” çykan soňky klub hem belli boldy.

Pleý-off tapgyrynyň finalynda Bandyrmaspory 2-1 hasabynda ýeňen Istanbulspor topary 17 ýyldan soň “Süper Lige çykmagy başardy.Istanbulspor topary soňky gezek 2004/05 möwsüminde “Süper Ligde” çykyş edipdi. Şeýlelikde, Istanbulsporyň ýokary liga çykmagy bilen “Süper Ligdäki” stambully klublaryň sany 8-e ýetdi.

Häzirki wagtda “Süper Ligde” ozaldan “Galatasaraý”, “Fenerbahçe”, “Beşiktaş”, “Kasympaşa”, “Istanbul Başakşehir”, “Fatih Karagümrük” toparlary bolup, olaryň hataryna aşaky ligadan gelen “Ümraniýespor” bilen “Istanbulspor” toparlary goşuldy.Süper Ligiň täze möwsüminde 19 klub çykyş eder (Pandemiýa sebäpli 2019/20 möwsüminde hiç bir topar aşaky liga düşürilmändi.

Soňky möwsümde 4 topar ýokary liga çykdy).

Türkiýäniň ýokary ligasyndan mundan 58 ýyl ozal, ýagny 1963/64 möwsüminde Stambul şäherinden 8 klub wekilçilik edipdi. Şol möwsümde Stambulyň “Galatasaraý”, “Fenerbahçe”, “Beşiktaş”, “Kasympaşa”, “Istanbulspor”, “Feriköý”, “Beýkoz”, “Beýoglu” toparlary ýokary ligada ýaryşypdy.

19 klubuň 8-siniň Stambuldan bolmagy, toparlaryň deň ýaryna golaýynyň bir şäher wekilçilik edýändigini aňladýar. Başga bir tarapdanam derbileriň sanynyň köpeldigi bolar. Şol bir wagtyň özünde-de möwsümiň dowamynda 8 klub 11 gezek başga şähere duşuşyga gider diýmekdir

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki Bajgiran goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar
Spor Toto Super Liganyň 19-nji hepdesi tamamlandy
Türkmen kompaniýalary “F-Istanbul” sergisine gatnaşarlar
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi