TOP energetika ulgamyndaky derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

TOP energetika ulgamyndaky derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

6-njy fewralda Kabulda Türkmenistanyň we Pakistanyň Owganystandaky ilçileri Hoja Öwezow we Mansur Ahmad Han ykdysady hyzmatdaşlyk we TOP-500 kW elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi dogrusyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň twitter sahypasynda habar bermegine görä, duşuşyk netijesinde taraplar teswirnama gol çekdiler, muňa laýyklykda Owganystandan Pakistana elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan Nur al-Jihad stansiýasynda gurluşyk we gurnama işlerini geçirer, bar bolan şertnamalar esasynda Türkmenistandan getirilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrylar.

Mundan başga-da, geçen aýda Türkmenistanyň we owgan energiýa kompaniýasy Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) Kabulda şertnama gol çekipdi, muňa laýyklykda Nur al-Jihad stansiýasynyň elektrik geçirijisiniň kuwwatyny 110 kW-dan 220 kW-a çenli ýokarlandyryldy. Bu işler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygyna baş potratçy we maýa goýujy Çalik Enerji tarapyndan amala aşyrylar.

Gol çekilen resminamalara görä, Çalik Holding bu taslama 1,6 milliard amerikan dollar maýa goýumyny goýýar. Bu esasda bolsa, Owganystan we Pakistan her ýyl 1000 MWt türkmen elektrik energiasyny alar. Mundan başga-da, bu geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçmegi her ýyl Owganystana 100 million ABŞ dollar girdejisini getirer.

Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri Owganystany ýeňil şertlerde elektrik bilen üpjün edýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 432 MWt kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi, bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem Owganystan üçin elektrik üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrar.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda täze Şertnama baglaşyldy
Owganystan bilen Türkmenistan elektrik üpjünçiligi taslamasy boýunça şertnama gol çekdi
Türkmen energetikleri Kabulda gepleşikleri geçirdiler
DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär
“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär