Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (7-nji bölüm)

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (7-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Iň soňky hem esasy özboluşlyk bolsa biziň öňde aýdan zatlarymyzdyr. Özboluşlygyň ýedinji görnüşi: GATNAŞYK USSATLYGY!Gatnaşyk ussatlygy şu kitabyň manysy diýen ýaly. Öz-özüň bilen, töweregiň bilen gatnaşyk ýollary siziň ömrüňiziň manysyny ýaşaýşyňyzyň hilini aňladýar.

Durmuşda üstünlik gazanmagy başarýan adamlar öz garşysyna ykbalyň ýollaýan islendik kynçylygynyň öňünde durmagy diňe bir başarmak däl, eýsem, ondan özleri üçin peýdaly netije gazanmagy-da oňarýarlar.Tersine, şowsuzlykdan ätleri ýananlar bolsa gelen bähbitsizligi çynlakaý hereket etmegiň garşysyna goýlan täze garşylyk hasaplaýarlar.

Biziň durmuşymyza täsir ýetirip, milli hem dünýä medeniýetini kemala getirýänler, adamlar bilen gatnaşygy oňarýan uly ussatlardyr.Gatnaşygyň ussatlygy adamlary ajaýyp ene-ata, tapylgysyz artiste, uly syýasatça ýa-da beýik mugallyma öwürýär.

Bu kitabyň tas her baby gatnaşygy dikeltmegi, täze ýol çekmegi, dünýä öz täze garaýşyň bilen garamagy beýan etmegi öwredýän kommunikasiýa bilen baglydyr.

Kitabyň birinji bölümi özüňe erk etmekligi nähili gazanmagy, aňyň hem bedeniň öňküden manyly işlemegini, seniň aýdanyňa, islegiňe görä hereket etmegini öwreder.Siziň özüňiz bilen gatnaşygyňyzy gowy täsir etjek ugra gönükdirer.

Kitabyň ikinji bölüminde bolsa durmuşdan näme almak isleýändigimizi, başgalar bilen has peýdaly gatnaşyk etmegiň nämedigini, olaryň jogap hökmünde etjek hereketlerine düşünmegi öwreneris.Kitabyň üçünji bölümi, esasan, özümizi alyp barşymyzyň aýratynlyklarynyň giňişleýin häsiýetlerini, biziň durmuş gyzyklanmalarymyzy derňäp, giň hususy gatnaşyklarda hereket etmegi öwreder.

Başga söz bilen aýtsak, alnan endikleri ulanyp, nädip hakyky lider bolmagy öwrenmek ýollaryna gararys.

Şu kitaby ýazýan mahalym ilki öňde goýan maksadym şahsyýetiň ösüşini öwrenýän okuw kitabyny döretmekdi.Kitaba şol kyn hem çylşyrymly meseläniň iň gowy, iň täze tehnologiýasyny goşmakdy.Men sizi özgertmek islän zatlaryňyzy özgermegine kömek etjek ukyp, strategiýa bilen ynandyryp, ýaraglandyrmak isleýärdim. Üstesine-de, ony göz öňüne getirmek ýagdaýyndanam tiz amala aşyrmakçydym.

Men size durmuş tejribäňizde üýtgetmek islän zatlaryňyzy örän tiz üýtgetmek mümkinçiligini öwretmek isleýärdim. Şeýle hem gaýtadan dolanyp gelseňem, her günki adaty ýaşaýşa bähbitli boljak ýene täze bir peýdaly ýapyşalga boljak iş taýýarlamakçydym.

Men ýazmak islän zatlarymyň köpüsi aýratyn kitap edip çykarylsa-da bolman durmaz diýip hasaplaýardym.Oňa garamazdan, hödürlenenleriň arasyndan siz öz durmuş ýörelgäňizde gabat geljek haýsydyr bir meseläni çözmekde peýdalanar ýaly, nämedir bir zat taparsyňyz hasap edýärin.

Golýazmanyň üstünde işlemek tamamlananda ilkinji okyjylaryň kitaba beren bahasynyň bir ýagdaýdan öňňesi oňyn baha boldy. Ýagny, käbirleri Bu ýerde iki kitap bar.Näme üçin olary bölüp, ilki birini, bir ýyl geçensoň hem beýleki bölegi çap etmeli däl? - diýip ýüzlendiler.

Meniň maksadym, hormatly okyjym, gysga wagtda size mümkingadar köp maglumat ýetirmekdi.Siz üçin zerur bolan başarnygy okyja ýetirmek işini uzaga çekdirmek islemedim.Meni başga bir zat biynjalyk etdi.

Eşidişime görä, kitaby satyn alan adamlar onuň birinji babyndan yzyny okamak islemeýärmişler.Ilkibada ol maglumata ynanmak islemedim.Soňra ilatyň diňe üç göteriminiň maliýe taýdan özüni garaşsyz hasap edip biljekdigini, on göterimden az böleginiň durmuşda özlerine bir maksat tutýandyklaryny, otuz bäş göterim amerikan aýallarynyň, ondanam az erkek adamlaryň özlerini fiziki taýdan oňat duýýandyklaryny, ştatlaryň köpüsinde iki nikanyň biriniň bişow bolýandygyny ýatladym.

Sorag geçirilende diňe örän az göterim adamlaryň arzuwyna ýetýändigi ýüze çykarylypdyr.Näme üçin beýle bolýar?Sebäbi ýaşaýyş goltgy talap edýär. Ýaşaýyş mydama hereket edýär.

Nebit ugrundan milliarder, tehasly Banker Hantadan bir gezek: Üstünlik gazanmak üçin maslahat berip bilersiňizmi?diýip soranlarynda ol: Onuň syry örän ýönekeý.Birinjiden-ä, siz näme isleýändigiňizi bilmeli, ikinjidenem, şol bilýän zadyňyzy gazanmak üçin zerur tölegi tölemäge taýyn bolmaly. Şol tölegi töläň.

Eger siz soňky ädimi ätmeseňiz, ýetmek isleýän maksadyňyza hiç mahal ýetmersiňiz ― diýýär.Men näme isleýändigini bilýän, töleg tölemäge taýyn adamlaryň atlaryny tutýaryn. Şeýle adamlaryň sany ýagdaýa görä hereket etmän, diňe ýaňraýan adamlaryň sanyndan gaty az.

Ýokarda beýan edilenleri siziň ahyryna çenli okanyňyza, olardan kanagatlanma alanyňyza hem pikiriňizi dost-ýarlar bilen paýlaşanyňyza ynanasym gelýär.

Bu bapda manyly hereketiň zerurlygyny aýratyn belläsim gelýär. Ýöne hereket etmegiň örän kän görnüşi bolýar.Olaryň köpüsi ýalňyşlyklaryň hem synag geçirmekligiň paýyna düşýär.Esli üstünlik gazanan kän sanly adam öz maksadyna ýetýänçä eden tutumlaryny müňlerçe gezek gaýtalap barlaýar.

Synag geçirmek, ýalňyşmak usullary hemme babatda peýdaly. Ýöne ol ýagdaý özümizde hiç mahal artykmaçlyk etmejek närse bolan wagtyň örän kän bölegini talap edýär.

Öwrenmek işini tizleşdirýän usul bar bolsa nätmeli?Eger kämil çykan adamlaryň birmahal geçen agyr ýollaryny ýeňiljek hem anyk ýol bilen geçmegi men size görkezip bilsem näme?Eger siz beýlekileriň birnäçe ýyly sarp eden ýoluny sanlyja minutda geçip bilseňiz nähili bolar?

Bu usul modelleşdirmek diýip atlandyrylýar.Ol başgalaryň kän wagt sarp edip ýeten derejesini az wagt sarp edip gazanmakdyr. Şony başarýan adamlar beýle derejä ýeter ýaly nähili hereket edipdirler?

Olaryň maksada ýetmegiň diňe arzuwyny edýän köpçülikden saýlanmagyna näme sebäp bolupdyr?Geliň, ony derňemäge synanyşalyň...

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Berdimuhamedow Hökümetiň 10 aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
05.11.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi