Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (6-njy bölüm)

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (6-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Üçünji özboluşlyk: STRATEGIÝA.Strategiýa bar bolan güýç çeşmelerini herekete getirmegi gurýan guraldyr.Haçanda Stiwen Spilberg režissýorlyk kärini edinmekçi bolanda, maksadyna ýetmegine ýardam berer ýaly, özüne ýol saýlap alýar.

Ol öňi bilen näme öwrenmek isleýändigini anyklaýar.Onuň güýçli joşguny hem ynamy bar eken. Şeýle hem onuň şol iki güýji doly mümkinçiliginde işleder ýaly taýýarlan strategiýasy bolupdyr.Ronald Reýgan hem öz maksadyna ýetmekde ýokary dereje gazanmak üçin mydama ulanar ýaly, belli bir strategiýany taýýarlapdyr.

Her bir uly syýasatçy, kärhana eýesi, maşgalabaşy ýa-da işgäri hakyna tutýan adam tutýan maksadyňa ýetmek üçin diňe baýlyk çeşmesiniň ýeterlik däldigini aýdyň bilýär.Bar bolan baýlyk çeşmesini aňrybaş derejede ulanmagy-da başarmaly.

Strategiýa ýanyp duran ukyply, örän başarjaň adamlaryň tapjak dürs ýoluna ynanmak ukybydyr.Siz öýüň gapysyny döwüp hem içine girip bilersiňiz, gapynyň açaryny hem gözläp bilersiňiz.Biz kitabyň 7-8-nji baplarynda üstünlige eltýän strategiýalaryň üstünde durup geçeris.

Dördünji özboluşlyk: GYMMATLYKLARA DÜŞÜNMEK!Amerikanyň beýik döwlet derejesine ýetmegine näme esas boldy? ― diýen sowal barada oýlansak, biz özümize iň esasy, gymmatlyklar bolan etika, ahlak taýdan, tejribe daýançly, iň ýokary baha eýe gymmatlyklar diýip hasaplaýan watanperwerlik, buýsanç, kanagat hem erkinligi söýmek barada pikir edýäris.

Gymmatlyklar biziň durmuşda nämäni dogry, nämäni nädogry çözýändigimiz barada aýratyn bir ulgamly ynam döredýär. Ýaşamaga hut şonuň üçin höwes döretseňem bolman durmazdy.Köp adam özleri üçin iň wajyp zadyň nämedigine aýdyň düşünmeýär.

Olar dogry hereket edendiklerini ýa-da etmändiklerini wagtynda saýgarman, wagt geçensoň azap çekip ýörler.Biz beýik adamlaryň ykbaly bilen tanşanymyzda olaryň durmuşa dürs, manyly, aýdyň hem düşnükli nazar bilen garandyklaryny bilýäris.

Ronald Reýgany, Jon Kennedini, Martin Lýuter Kingi, Jon Ueýni, Jeýn Fondy ýatlap görüň.Olaryň her haýsynyň öz hususy dünýägaraýşy bolupdyr.Olardaky umumylyk bolsa özleriniň kimdigine, nämäni näme üçin edýändiklerini ahlak hem, binýat taýdan dürs baha bermekleridi.

Umumadamzat gymmatlyklaryna düşünmek ― ösüşiň kämil derejesine ýetmeklige oňyn täsir ýetirýän zatlaryň biridir.Bu mowzuga 18-nji bapda aýratyn üns bereris.Getirilen delilleriň hemmesiniň bir-birine medet beriji, bir-birine täsir ýetiriji özboluşlygynyň bardygyna siz eýýäm göz ýetirensiňiz.

Eýsem, ynam joşguna täsir ýetirilmeýärmi?Elbetde, ýetirýär.Haýsydyr bir maksada ýetjekdigiňe näçe berk ynansaň, şol maksada ýetmek üçin şonça kän güýç sarp etmäge-de taýyn bolýarsyň.Ol edil badalgadan ugran wagtyňdaky ýaly ynamly umyda öwrülýär. Ýöne Günüň dogup gelýän pursadyny görmäge ynamyňyz bar halatynda özüňiz günbatara tarap ylgasaňyz, tutan maksadyňyza ýetmek onçakly aňsat düşmez.

Biziň ahlak taýdan gymmatlyklarymyz üstünlige ýetmek strategiýamyza täsir ýetirýärmikä?Jedelleşmegi maslahat bermeýärin.Eger siziň üstünlige ýetmek strategiýaňyz kalbyňyzdaky nämäniň gowy, nämäniň gowy däldigi baradaky ynamyňyza garşy gidýän bolsa, iň bir oňat strategiýa-da hiç nili netije bermez.

Beýle ýagdaý özleriniň nädogry hereketlerinden soň ýalňyşlyklaryny düzedip üstünlik gazanan adamlaryň mysalynda-da belli bolýar.Hususy gymmatlyklaryň ulgamy bilen üstünlik gazanmak strategiýasynyň arasynda döreýän içki jedelden mesele ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý sebäpli ýokarda gürrüňini eden dört düşünjämiziň dördüsi hem bäşinji düşünje bilen aýrylmaz baglanyşykdyr.

Bäşinji özboluşlyk: ENERGIÝA!Energiýa diýip atlandyrylýan närsä Brýus Springstiniň ýa-da Tina Terneriň otlukly hem şatlykly hyjuwy diýmek bolar.Ol Donald Trampyň ýa-da Stiw Jobsuň telekeçilik işiniň badyna goşulyp biler.

Energiýa Ronald Reýganyň ýa-da Ketrin Hepberniň ömür güýjüdir. Ýaşaýyşda üstünlik, artykmaçlyk gazanýan adamlar ýeňlerini çermäp ýagdaýyň daşyna geçýärler-de, ondan özlerine gerek zatlary ýasaýarlar.Olar edil üstlerine her gün asmandan peýdaly mümkinçilikler ýagyp duran ýaly ýagdaýda ýaşaýarlar.

Olara mydama ýetmezçilik edýän ýekeje zat ― WAGT.Dünýäde haýsydyr bir zada düýrmegi bilen ynanýan adamlar hem kän.Olarda strategiýa-da, gymmatlyklaryň düzgüne salnan ulgamy hem bar. Ýöne olara özleriniň oňyn baş çykarýan maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin hereket etmäge güýç ýetmezçilik edýär.

Uly üstünlik özümizde bar bolan zatlary ýokary derejede gysyp çykarmak üçin ýardam edýän fiziki, ruhy hem intellektual güýçlerden aýra däldir.Kitabyň 9-njy hem 10-njy baplarynda siziň fiziki taýdan güýjüňizi tiz galdyrýan täsirler bilen tanşarsyňyz.

Altynjy özboluşlyk: GATNAŞYGYŇ GÜÝJI! Maksada ýetmegi başarýan adamlaryň ählisi diýen ýaly başgalar bilen gatnaşyk açmagyň adaty däl bolsa-da, özleri üçin birmeňzeş başarnyk ýolundan peýdalanýarlar. Olar dürli dünýägaraýyşly, dürli derejedäki bilim-düşünjeli adamlar bilen iş salyşmagy gazanýarlar.

Geňirgenersiňizem welin, ýaşaýşy çepbe çöwürjek bir gural tapjak sähne geniniň dünýä gelmegi-de bolmajak zat däldir. Ýöne şol geniý hem özüniň ähli wagtyny töwerek bilen gatnaşyksyz ýekelikde geçirse, bir ugurda üstünlik gazansa-da, galan köp maksatlarynda diňe bişowluk gazanardy.

Beýik şahslaryň ― Kennedileriň, Kingleriň, Reýganlaryň, Gandileriň üstünligi olaryň millionlarça adamlary, pikirdeşleri birikdirýän täsirli gatnaşyklaryň getirýän bähbidi, abraýy bilen bagly bolupdyr. Ýetilen iň beýik netijeler tutuş dünýäniň öňünde sahnada oýnalmaýar.

Olar biziň hususy ýüregimiziň teýinden özlerine orun tapmaly.Biziň her birimize hem hemişelik, pugta hem janly gatnaşygyň şolar ýaly nusgasy zerur gerek. Şeýle gatnaşyk ýok mahaly islendik üstünlik, gatnaşyk bimany bir zada öwrülýär. Şol gerekli gatnaşyklar barada kitabyň 13-nji babynda gep açarys.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (2-nji bölüm)
Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin: Özüňe erk etmegiň gudraty (1-nji bölüm)
Goňşularyň jedeli sebäpli çapylan bag jahankeşdeleriň köp gelýän ýerine öwrüldi
'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen türgeni kombat dzýu-dzýusu boýunça Aziýanyň çempiony boldy