Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (5-nji bölüm)

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (5-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hemmämiz hem öz kalbymyzda irkilip ýatan ägirt uly güýji daş çykaryp bileris.Onuň üçin aňymyzy hem bedenimizi manyly işe girizmek ýoly galýar.Siz Spilberg bilen Sprigstiniň arasynda näme tapawut bardygy hakynda hiç mahal oýlanyp görmediňizmi?

Jon Kennediniň Martin Jýuter King bilen näme meňzeşligi bar?Olaryň millionlarça adama şeýle güýçli täsir etmeklerine näme esas boldy?Ted Terner bilen Tina Terneri ýa-da Pite Rouza bilen Ronald Reýgany umumy adamlardan näme parhlandyrýar?

Olaryň hemmesi-de öz maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin okgunly hem aýgytly herekete özlerini mejbur etmegi başarmaga ukyply adamlar. Ýöne özlerinde bar zatlary her gün öz işlerine goşmagy olary näme mejbur edýär?

Ol sowala örän kän düşündiriş bar. Ýöne men olar özlerine üstünlik getirmäge ýardam edýän ýedi sany özboluşlygy kemala getiripdirler diýip hasaplaýaryn. Şolar bolsa, ýedi sany mäşe ýaly bolup, siziňem üstünlik gazanmagyňyzy üpjün eder.

Ýedi özboluşlygyň birinjisi: JOŞGUN.Beýsbolçy Pita Rouzanyň göýä ýokary liganyň meýdançasyna ilkinji gezek çykýan ýaly, ok ýaly atylyp gitmegine-de joşgun, hyjuw sebäp bolýar.Marketingiň genisi Li Ýakokkany başgalardan tiz hem bähbitli hereket etmeklige-de joşgun mejbur edýär. Ömürleriniň köp ýylyny harçlap, kompýuter döredenleri bu işe gönükdiren, adamy kosmosa çykaryp, ýene ýere dolanmagyny gazanan alymlaryňam esasy daýanjy joşgun boldy.

Adamlary gijäniň birmahalyna çenli dümtünip oturmaga, soňam daň bilen turmaga mejbur edýänem joşgun.Adam arasyndaky gatnaşyklaryň ýetmezini hem, ýene şol joşgunyň kömegi bilen doldurmaga çalyşýarlar.Joşgun adama dem alynýan howa ýaly bolup täsir edýär, damaryna ýokumly gan bolup goşulýar, beýnisini işledýän güýje öwrülýär.

Nakgaş ýa-da türgen babatda alsaňam joşgunsyz, yhlassyz beýiklik bolmaýar.Alymyň aňy, ene-atanyň geçirimliligi ýa-da telekeçiniň başarjaňlygy joşgun, yhlas bilen ýüze çykýar.Kitabyň 11-nji babynda öňde maksat goýmak bilen, içimizdäki joşguny peýdaly işden bähbit gazanmaklyk üçin harçlamagyň ýoluny görkezeris.

Ikinji özboluşlyk: YNAM! Ýer ýüzünde dini mowzuga bagyşlanyp ýazylan islendik kitap Ynamyň uly güýji hem onuň adam taryhynda oýnaýan roly barada gürrüň berýär. Ägirt uly üstünliklere ýeten adamlar onçakly belent derejä ýetmedik watandaşlaryndan ynam meselesinde kän tapawutlanýarlar.

Kimdigimizi, nämä ukyplydygymyzy, nähili boljakdygymyzy anyk kesgitleýän zat—ynamymyzdyr.Eger biz jadygöýlige ynansak, ertekidäki ýaly gowy durmuşda ýaşardyk.Eger biz öz ýaşaýşymyzy adaty gysby gözenek bilen çäklenen hasaplasak, ahyr ol serhediň hakyky gözenege öwrülendigine şaýat bolarys.

Biziň hakykat diýip ynanýan zadymyz hakykata-da öwrüler.Ynamyň güýji bize şol mümkinçiligi hem berýär.Bu kitap öz ynamyňyzyň usulýetini üýtgetmegi hem ony maksadyňyza ýetmek ugrundaky islegiňize daýanç güýji hökmünde peýdalanmagy öwreder.

Köp kişide güýçli hyjuw bar, ýöne öz ukyplaryna ynam etmekleriniň çäklidigi sebäpli, olar arzuwyny durmuşa geçirmek üçin degerli aýgyt etmegi oňarmaýarlar.Maksada okgunly adamlar welin diňe bir, näme etmelidigini bilmek däl, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň-de ynam bilen aladasyny edýärler.

Ynamyň nämedigini bilmek, ony nähili ulanmak barada bolsa kitabyň 4-nji hem 5-nji baplarynda okarsyňyz.

Ynam hem hyjuw ýangyja öwrülip öňe gidişlik herekete medet berýär. Ýöne ol medet uly zat däl. Ýogsam ol raketany ýangyçdan dolduryp şowsuzlyk asmanyna uçuran ýaly bolardy. Sebäbi ýangyçdan-güýçden başga-da bize uçuşyň, ýagny öňe logiki taýdan dogry hereket etmegiň intellektual görkezijisi gerek. Şeýle hem maksada ýetmek üçin belli bir strategiýa zerur.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
Täze keşpler
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
BOLT bürünç medal bilen tamamlady
Ýeňijiler mälim edildi
Türkmenistanly emigrant ABŞ-nyň gözeli-2018 bäsleşiginde Ýuta ştatyna wekilçilik etdi