Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (4-nji bölüm)

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (4-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Her bir ýerbe-ýer alada telim gezek bähbit getirýär. JIM RON

Üstünlige barýan ýolda kämillige ýeten adamlar durmuşda özüňi alyp barmagyň belli bir çäginde berk saklanýarlar.Men ol ýagdaýy Aňrybaş üstünligiň formulasy diýip atlandyrýaryn.Ol ýagdaýa ýetmegiň ilkinji basgançagy iň soňky netijä düşünmek, ýagny öz tutýan maksadyň manysyna anyk göz ýetirmekdir.

Ikinji basgançak ― anyk hereket.Ol hereket bolmasa siziň islegiňiz islegligine-de galar.Siz öz ynamyňyza görä gerekli netije gazanylmagyna anyk ýardam edip biljekdigine bil baglaýan hereketleriňizi etmeli.

Siziň edýän aýgydyňyz mydama islän netijäňizi hem berip durmaýar. Şonuň üçinem üstünlik ýolunyň üçünji basgançagynda kalbyňyzda eden hereketiňizden çykýan netijäniň nähilidigini gürrüňsiz seljerip duran ýiti duýgy oýarmakdan hem ol duýgynyň siziň maksadyňyza golaýlaýandygyňyzy ýa-da ondan daşlaşýandygyňyzy anyk saýgarmagyndan ybarat.

Siz öz edýän hereketleriňiziň netijesinde näme gazanjakdygyňyzy, gazanýanyňyzyň siziň ýetmek isleýän durmuşyňyzyň talaplaryny ödejekdigini, ýa-da talabyňyza ters gelýändigini bilmeli bolarsyňyz.

Eger siz durmuşda üstünlik gazanýan adamlaryň hereketlerini üns berip yzarlasaňyz, olaryň hemmesi-de ösüşiň şu dört basgançakly ýoly bilen gidendirler.Olaryň hemmesi-de öňlerinde maksat goýmak ädiminden başlandyrlar.

Sebäbi öňde duran maksadyň bolmasa, hiç zat gazanyp bolmaýar.Entek bilim derejeleri azrak bolansoň, olar hereket etmegi öňe sürdüler.Olaryň başgalaryň tejribesinden peýdalanmak, nähili netije gazanýandyklaryny öwrenmek ukyplary bolupdyr. Şonuň üçinem olar ösüş gazanýan adamlaryň ýagdaýyny öwrenip, ondan özleri üçin peýdaly netije çykarmagy başarypdyrlar.

Olar isleýän derejesine ýetýänçäler ýagdaýa uýgunlaşmagy, ýagdaýa görä hereket etmegi başarypdyrlar.

Stiwen Spilbergi alyp görüň.Ol ýaňy otuz alty ýaşyndaka dünýäniň iň ýetişikli režissýory derejesine ýetdi.Ol ähli döwürde dünýäniň iň meşhur on kinofilminiň dördüsini döretdi.Olaryň arasynda gazanç babatda aýdanyňda, iň kän pul getiren Başga planetanyň adamy diýen filmi hem bar.

Ol entek ýaş ýigit halyna beýle derejä nädip ýetdi?Bu sowalyň jogaby örän täsin.Spilberg on iki-on üç ýaşlaryndaka, kinorežissýor ýa-da prodýuser boljagyny bilipdir.On ýedi ýaşly ýetginjekkä Ýuniwersal kinostudiýasyna ekskursiýa baranyndan soň, onuň dünýäsi düýpden özgerýär.

Ekskursiýa kino surata alynýan meýdançany baranlara görkezmegi göz öňünde tutmaýar eken. Şonuň üçinem tutýan maksadyny bilýän Spilberg özüçe hereket edýär.Ol kino surata düşmek üçin surata alynýan ýere gizlin barmagyň kül-külüne düşýär.

Onuň bu hereketi kinostudiýanyň baş redaktory bilen duşuşyga eltýär. Ýaş ýigit onuň bilen tutuş bir sagatlap gürleşýär.Redaktor Spilbergiň kino almagyň ideýalary barada aýdýanlary bilen gyzyklanýar.

Spilberg Iň ýokary üstünlik diýen formulany ulandymyka?Gürrüňsiz, ulanandyr.Onuň ýöriteleşdirilen bilimi bar eken, şonuň üçinem nähili hereket edýänine örän oňat düşünipdir.Onda tutan maksadyndan nähili netije aljakdygyny aňýan, ol netijäniň tutýan uly maksadyna ýetmäge kömek etýänini ýa-da etmeýänini saýgarýan ýitilik bolupdyr.

Tutýan maksadyna ýetýän adamlardan tanaýanlarymyň hemmesi şeýle ýol bilen hereket edipdirler. Üstünlige ýetýänler öz islendik maksatlaryny amala aşyrýançalar, ýagdaýa görä öz hereketlerini üýtgedip durupdyrlar.

Biziň haýsydyr birimizde üýtgeşik tagamly nahar bişirmegi öwredýän resept barmyka?Biziň haýsy birimizde şol ak penjekli ýaşuly polkownigiňki ýaly ýanbermez güýç bar?Polkownik Sanders maksada okgunly hereket etmegi ýola goýmak ukyplylygy üçin çäksiz emlägiň eýesi boldy.

Onda ähli zatdan öňürti, amala aşyrmak islän zadyna ýetmek üçin gerek bolan erk bardy.Onuň ýok diýen jogaby müňlerçe gezek eşitmäge gaýraty çatyp, indiki gapylary hem kakmak barada öz-özi bilen gepleşdi, maksada ýetmegiň çözgüdini gözläp ýeneki gapylary kakmalydygyny, haýsydyr bir gapynyň aňyrsynda haýyşyna ýok diýmejek adamyň bolmalydygyna özüni ynandyrdy.

Bu kitabyň ähli manysy siziň beýniňize haýsydyr bir derejede maksadyňyzy netijeli çözgüde tarap iteklejek erki goşmakdan ybaratdyr.Men her hepdede diýen ýaly dört gün Aň özgerişligi diýen temada seminar geçirýärin. Şol seminarlarda biz adamlara köp zady: beýniňi özüňe bähbit getirer ýaly ýagdaýda ulanmakdan başlap, iň aňrybaş derejede netije gazanmak üçin, bedeniňi taplamak meselesine çenli öwredýäris.

Seminaryň ilkinji sapagynyň mowzugy Gorkyny güýje öwürmek.Onuň maksady adamlara batyrlyk bilen hereket etmegi, her hili howply ýagdaý ýüze çyksa-da, yza tesmeli däldigini öwretmekden ybarat, Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşýan adamlara ýanyp duran közüň üstünden aýakýalaňaç ýöremek teklip edilýär.

Adamlar közüň üstünden ýöremek däbini indi müňýyllyklar bäri ulanyp gelýärler.Ol käbir ýurtlarda güýji, ynamy derňemek üçin peýdalanylýan dini çärä öwrüldi.Meniň diňleýjilerimi közüň üstünden ýöretmegimden maksadym, olaryň dine garaýşyny barlamak bolman, joşgunlarynyň derejesine göz ýetirmek islegim bilen bagly.

Közüň üstünden ýöremek olara häsiýetlerini üýtgetmegi, ösmäge mümkinçilikleriniň çägini giňeltmegi, ozal pikirini etmäge-de ýaýdanan hereketlerini başarmagy, gorkynyň, çäkliligiň bolsa öz döreden endikleridigini ynandyrýar.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin: Özüňe erk etmegiň gudraty (1-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (2-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (3-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (6-njy bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (5-nji bölüm)
Meşhur aktwist barada täze film