Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Adamzat taryhynyň dowamynda başgalaryň üstünden amala aşyrylýan erk bir-birine gapma-garşylykly, dürli-dürli görnüşe eýe boldy.Erk gadym zamanda diňe fiziologiýanyň serişdesine öwrülipdir.Siwilizasiýanyň ösmegi bilen erk nesilden-nesle geçip başlaýar.
Hökümdar özüniň erk edýän çäginiň düzgünine daýanyp, öz at-abraýynyň kömegi bilen häkimlik edipdir.Başgalar bolsa diňe şol hökümdar bilen il bolmak arkaly erk gazanypdyr.Soňraklar, ýagny industrial asyryň başynda, maýa goýum erk-häkim bolupdyr.
Kim maýa goýuma-baýlyga dahylly bolsa, şol hem senagatyň ösmegine dahylly bolupdyr.Erkiň, häkimligiň şol mahalky düzgünleriniň köpüsi biziň döwrümizde-de ulanyşdan galanok.Maýasyz bolmakdan maýa goýumly bolanyň gowy.
Bitap bolmakdan daýaw bolanyň gowy.Oňa garamazdan, häzirki zaman häkimliginiň esasy daýançlarynyň biri ― daýanç çeşmesi şol ugurdan gazanylan aň-düşünjedir.
Häzirki zaman dünýäsini häsiýetlendirýän özboluşly bir zat bar bolsa ol göz öňüne getirmek aňsat hem däl maglumatlar akymy ýa-da özgermelerdir.Kitaplardan, kinofilmlerden, telewizorlaryň hem kompýuterleriň ekranlaryndan çogup çykýan maglumatlar beýnimize siňýär. Özi-de olar gulak hem göz üçin örän ýakymly görnüşde taýýarlanylýar. Şeýle jemgyýetde maglumat ýa-da habar beriş serişdesi bar adamlar ozal diňe şalaryň elinde bolan zada—çäksiz häkimlige eýe bolýarlar.
Jon Kennet Gelbraýtyň ýazyşy ýaly, pul industrial jemgyýeti gyzdyrýan ýangyja öwrüldi. Ýöne maglumatlar jemgyýetinde ýangyjam, häkimligem düşünjelilikdir, sowatlylykdyr.Indi jemgyýeti iki bölege ― maglumatdan habarlylara hem ol ugurdan bisowatlara bölmek bolar.
Maglumatlardan habarly topar puldanam, toprakdanam bat alman, aň-bilime daýanýan topardyr.
Iň haýran ediji ýagdaý bolsa ― erk açaryny bu gün her kişiniň hem edinip bilýänligidir.Orta asyrlarda mirasdüşerlik hukugyň bolmasa, şa bolmak üçin kän-kän garşylyklary ýeňmeli eken.Senagat asyrynyň başynda maýasy bolmadyk adam durmuşyň ösüş ýolundan paý almak barada umyt hem edip bilmändir.
Bu gün bolsa göwşüllän jinsi balakly oglanjyk hem dünýäni özgertmegi başarmaga ukyply korporasiýa döredip bilýär.Häzirki zamanda maglumatyň gymmaty şalar derejesine mynasyp ýokary serhede baryp ýetdi.Indi ýöriteleşdirilen maglumat çeşmesi bilen gatnaşykly adam özünem, dünýäni hem özgerdip biler.
Maglumatlar asyrynda diňe maglumata eýe bolmak kemter gelýär.Bize gerek zatlaryň hemmesi diňe ideýa bilen çäklenmeýär.Bize gerek zat diňe ideýa hem dünýäni oňyn göz öňüne getirmek bolan bolsa, çagalykda her haýsymyzyň öz poni diýilýän pessejik atymyz bolardy, häzir bolsa islän arzuwymyz hasyl bolar durardy.
Haýran galdyryjy üstünlige ýeten adamlary ýakynlaşdyrýan zat — hereket.Diňe hereket netije berýär.Bilim-düşünje göze görnüp duran hakyky güýç däl-de, göwräňdäki basyrylgy ýatan güýç.Entek nämälim bolan ol güýç ony öz bähbidi üçin ulanmagy başarýan adamyň elinde hakyky güýje öwrülýär. Çünki erk diýen sözüň hakyky manysy hereket etmek ukyby diýmekdir.
Durmuşda edýän zatlarymyzyň hemmesini özümiz bilen gatnaşyk edişimiz kesgitleýär. Häzirki zaman dünýäsinde ýaşaýşyň hili töwerek bilen gatnaşygyň hiline bagly, göz öňüne getirýän zatlarymyz, öz özümiz bilen gepleşişimiz, hereket edişimiz, bedenimizi, göwrämizi herekete getirip bilşimiz, ýüz-gözümizi oýnadyşymyz, bilýänimizi ýeterlik ulanyp, daşky dünýä bilen dahylly bolup bilşimiz ýaly zatlaryň hemmesi şulary düzýär.
Kommunikasiýa ― häkimlik etmekdir.Ony ýerlikli ulanyp bilýän adam özüniň daşky dünýä bolan hususy garaýşyny, daşky dünýäniň oňa bolan garaýşyny özgerdip biler.Islendik hereket, islendik duýgy öz kökleri bilen kommunikasiýa baryp ýetýär.
Köpçüligiň pikirine, duýgusyna, aýgydyna täsir edýän adamlaryň köpüsi ol örän güýçli häkimlik diýilýän närsäni nähili ulanmalydygyny gowy bilýär.Dünýäni özgerden şahslary ― Jon Kennedini, Tomas Jeffersony, Martin Lýuter Kingi, Franklin Ruzwelti, Uinston Çerçilli, Mahatma Gandini ýatlalyň.
Adamzat taryhynyň gara sahypalaryny hem unutmaň ― Gitleri ýatlaň. Şol adamlarda näme umumylyk bolupdyr?Olar kommunikatiw ― gatnaşyk işjeňligini, suhangöýlük sungatyny ussatlyk bilen ulanypdyrlar.Olar adamlary kosmosa syýahaty bolsun, Üçünji reýhiň garşysyna ýigrenje ýugrulan garşylygy bolsun ― öz ideýadyr isleglerini hakykat hökmünde köpçülige ýetirmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar, köpçülik olaryň ideýalary barada oýlanyp, olary durmuşa geçirmegiň pikirini edipdir. Ýokarda ady tutulan şahslar kommunikasiýanyň güýjünden peýdalanyp dünýäni özgertmegiň ýollaryny tapypdyrlar.
Eýsem, Spilberg, Springstin, Ýakokka, Fond ýa-da Reýgan ýaly şahslary hem başga adamlardan parhlandyrýan, ýokarda agzan şahslarymyzyň özboluşlyklary ýaly özboluşlyk dälmi? Eýsem, olar adam bilen dil tapyşmagyň, olara täsir etmegiň ussatlary dälmi? Edil şol şahslaryň köpçülige täsir ýetirmek üçin ulanýan tilsimlerini biz özümize erk etmek barada hem doly ulanyp bileris.
Siziň daşky gurluş bilen gatnaşyk ussatlygyňyzyň derejesi dürli ugurda ― hususy, emosional, sosial, material ugurda gazanjak üstünligiňi ýüze çykarar. Ýöne iň esasy zat, ýürekden duýjak üstünligiňiziň derejesi—bagt, şatlyk, joşgun, söýgi ýa-da beýleki ähli islegiňiz öz-özüňiz bilen gatnaşygyňyzyň gönümel netijesidir.
Siziň özüňizi duýşuňyz durmuşda siz bilen nämeleriň bolup geçýändiginiň täsiri däldir-de, ol siziň durmuşyňyzda bolýan zatlary özüňiz üçin ulanyşyňyzyň täsiridir. Ýokary ösüşe baryp ýeten adamlaryň geçen ýoluny öwrenmek, ýaşaýşyň hiliniň siz bilen nähili ýagdaýyň bolup geçýändigi bilen däl-de, siziň şol bolup geçýän ýagdaýdan özüňiz üçin netije çykaryşyňyza baglydygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Hiç bir zat biziň ony nähili manyda görmek isleýänimizden başga mana geçmeýär.Biziň köpimiz wakanyň ozal ýüze çykarylan manysyna endik edilen ýol bilen düşünýäris. Ýöne biz ol wakany elimize alagada, daşymyzy gurşan dünýäden alan tejribämizi ulanyp işledip bilerdik ahyryn.
(dowamy bar).