Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (13-nji bölüm)

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (13-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Üçünji gapy ― fiziologiýa. Beýni bilen beden öz arasynda örän berk baglanyşyklydyr. Siziň öz fiziologiýaňyz ― dem alşyňyzy, göwräňiziň hereketini ulanyşyňyz, ýüz-gözüň hereketini, hemme hereketiňiziň manysyny hem görnüşini ulanmak ― bularyň ählisi siziň aňyňyzyň ýagdaýyny kesgitleýär. Siziň fiziki ýagdaýyňyz ýüze çykarýan hereketiňiziň hiliniň hem çäginiň nähilidigini aýan edýär. Fiziologiýa meselesine biz 9-njy bölümde gararys.

Biz mydama modelirleşdirmek bilen iş salyşýarys. Çaga geplemegi ululardan nähili öwrenýär? Ýaş türgen tejribelilerden nähili tälim alýar? Şöhratparaz telekeçi öz işini nähili guraýar?Ine, size telekeçilik dünýäsinde modelirleşdirmegiň sadaja mysaly.

Köp adam meniň gijä galmaklyk diýip atlandyran sadaja bir usulymy ulanmak arkaly, kän pul gazanmagy öwrendi.Biz birsydyrgyn durmuşda ýaşaýarys. Şonuň üçinem bir ýerde şowuna düşen tilsim, başga ýerde hem şowly bolýar.

Detroýdyň uniwersamynda kimdir biri şokoladly köke satyp şowly telekeçilik eden bolsa, ýene biriniň edil şeýle üstünlige Dallasyň uniwersamynda hem ýetip biljegine şübhe bolmaz.Eger Çikagoda kimdir biriniň kellesine adamlara mahabat belgisi ýelmenen penjek geýdirmek gelen bolsa, şeýle penjekleriň Los-Anjelesde-de, Nýu-Ýorkda-da peýda boljakdygyna kepil geçip bolar.

Käbir adam haýsydyr bir şäherde şowly işleýän haýsydyr bir telekeçilik nokadynyň üstünden baryp, gijä galmaklyk şertiniň ýagdaýyna görä, şeýle nokady başga bir şäherde hem ýola goýmak bilen biznes döredýär. Onuň üçin zerur zat — özüni gowy tarapdan görkezen ulgamy saýlap alyp, kämilleşdirip ulanyşa girizmek. Şeýle edýän adamlar mydama diýen ýaly üstünlik gazanýarlar.

Dünýäde modelirlemek boýunça iň ussat adamlar ýaponlar. Ýapon ykdysadyýetiniň ajaýyp ösüşi nämä daýanýar? Olarda batyrgaýlyk bilen açylan täzelik barmy? Seýrek bolsa-da gabat gelýär.

Oňa garamazdan, eger siz soňky iki onýyllygyň ösüş artykmaçlygyna ser salsaňyz, ýapon harytlarynyň örän az böleginiň asyl nusgadan öndürilendigine göz ýetirersiňiz. Ýaponlar diňe başgalaryň ideýalaryny, döreden gowy zatlarynyň nusgasyny örän inçelik bilen üýtgetmek arkaly peýda gazanýarlar. Olar awtomobillerden başlap, ýarymgeçirijilere çenli, ýüzugra köpsanly üýtgetme girizmek bilen, ägirt uly üstünlik gazandylar.

Köp kişi tarapyndan dünýäniň tütjar baýy hasaplanýan Adnan Mohamad Haşorri nädip beýle baý boldy? Örän aňsat ýol bilen.Ol Rokfellerleriň, Morganlaryň hem beýleki milliarderleriň pul gazanyş ulgamyny modelirlemek bilen gazanç etdi.

Ol şolar hakda näme ýazylan bolsa okady, olaryň ynam ediş özboluşlyklaryny, strategiýalaryny öwrendi.Näme sebäbe görä, hiç kimiň aman galmajak agyr pajygasyndan diri sypan Mitçel, işi rowaç millionere öwrüldi?

Mitçel hassahanada ýatan wagty dostlary oňa agyr ýagdaýdan ölmän sypan adamlar barada ýazylan gaty kän kitaplary okap berdiler.Onda mümkinçilikleriň modeli bardy.Onuň täsiri Mitçeliň başdan geçiren pajygasynyň täsirinden täsirli boldy.

Gurply adamlar bilen mydama ýetde-gütde güzeran aýlaýanlaryň tapawudy, gurplularyň özlerinden-de baý kişileriň ukyp-tärlerini öwrenip, olary öz peýdasyna ulanmagy başarýanlyklarynda.

Modelirleşdirmegiň şol ýörelgesini ulanmak bilen men derrew özüm üçinem, başgalar üçinem peýdaly netije gazanyp başladym, pikirlenmegiň täze modellerini hem hereket ýollaryny gözledim.Olar hem örän gysga wagtyň dowamynda peýdaly netije berdiler.

Men ol modelleriň hemmesine Optimal Döredijilikli Tehnologiýa (ODT) diýip at berdim. Şol strategiýa hem şu kitabyň manysyny düzýär. Ýöne bir zady bassyr-ýussur etmän aýtmak isleýärin.Meniň öňde goýan maksadym şu ýerde getirýän modellerim bilen sizi üpjün etmek däl-de, öz hususy modeliňizi, hususy strategiýaňyzy işläp düzmek mümkinçiligiňizi döretmekdir.

Jon Graýnder maňa hiç mahal hiç zada ahyryna çenli ynanmazlygy öwretdi.Sebäbi eger bir zada ynansaň, hökmany suratda şol ynanja päsgel berjek bir garşylyk döreýär.ODT güýçli guraldyr. Ýöne ol mehanizm.

Siz onuň üsti bilen diňe öz hususy ädimleriňiziň, hususy strategiýaňyzyň, ýagdaýa hususy düşünişiňiziň hilini, derejesini gowulandyryp bilersiňiz.Hemme wagt netijeli işläp durjak strategiýa ýok.

Modelirlemekde hiç hili täzeligiň ýokdugy hakykat. Islendik oýlaptapyjy başgalaryň eden açyşlaryny modelirlemek esasynda özi üçin nämedir täze bir zat döretmek usulyny kän gezek ulanýar. Her bir çaga-da özüni gurşap alýan dünýäni modelirläp bilýär.

Ýöne mesele başga zatda: biziň köpimiz modelirlemek bilen synanyşyk hem ýalňyşlyklar esasynda meşgullanýarys.Biz adamlardan görnüşi ýa-da detaly erkinlik bilen alýarys, şol bir wagtyň özünde-de, olaryň özenine üns bermeýäris.

Biz nämedir bir gowyny bir ýerde, ýaramaz bir zady bolça, başga ýerde modelirleýäris.Sylaýan adamymyzyň özümize bähbitli işini modelirlemäge synanyşyk edýäris, ýöne onuň edýän işlerini nädip bitirmelidigini welin, bilmeýäris.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Stambul howa menzili dünýäniň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda
Dünýäniň öňdebaryjy täjirçilik şäherleri
Dünýäniň iň gymmat şäheri
Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Türkmenistan hytaýly lokomotiw öndüriji bilen rekord derejede şertnama baglaşdy, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek işleri boýunça potratçy kesgitlendi, Türkmenistanyň Merkezi banky 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň maglumatlary