Ýuwaş okeanynda ýerleşýän ada ýurdy bolan Tonga şalygynda 6,9 bal ululygynda ýer titreme boldy.
ABŞ-nyň Geologiýa ylmy derňew edarasy ýer titremäniň güýç merkeziniň Neiafu şäheriniň 132 km demirgazyk-günbatarydygyny habar berdi.
Ýeriň 225 km aşagynda emele gelen ýer titremede adam ýitgisiniň we zyýanyň çekilip-çekilmändigi barada maglumat berilmedi.
Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi.