Türkmen türgenleri XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Pariže geldiler. Türkmen wekiliýeti fransuz paýtagtynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Olimpiýa şäherjiginiň onunjy gatynda ýerleşdirildi. Olimpiýa däbine görä, topar milli baýdagyny we “Team Turkmenistan” ýazgyly bannerini penjiresine asdy.
Türkmenistanyň ýygyndy topary dört sport görnüşinde alty türgen bilen çykyş eder: dzýudo, suwda ýüzmek, ýeňil atletika we agyr atletika. Olimpiýadanyň resmi açylyşy 26-njy iýulda bolar.
Türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi:
28-nji iýul, 13:00: Dzýudo (66 kg çenli), 1/32 final Serdar Rahymow
29-njy iýul, 14:00: Dzýudo (57 kg çenli), 1/32 final Maýsa Pardaýewa
29-njy iýul, 14:00: Suwda ýüzmek (100 m arkalaýyn), deslapky ýüzüşler Aýnura Primowa
30-njy iýul, 14:00: Suwda ýüzmek (100 m erkin usul), deslapky ýüzüşler Musa Žalaýew
2-nji awgust, 13:35: Ýeňil atletika (100 m), Walentina Meredowa
10-njy awgust, 14:30: Agyr atletika (102 kg çenli) Dawranbek Hasanbaýew
Ähli ýaryşlary Halkara Olimpiýa Komitetiniň web saýtynda görmek bolar.