Bütin dünýäniň ünsüni 17 günläp özünde jemlejek Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki ýaryşlar 34 desgada geçiriler.Açylyş dabarasyndan 2 gün öň başlan futbol duşuşyklary ýurduň şäherleriniň 9-synda oýnalar.
Sörfing boýunça guraljak ýaryşlar Fransiýadan 16 müň kilometr uzaklykdaky Taitiniň Teahupo’o obasynda geçiriler.Fransiýa hökümeti bu halkara iň iri sport çäresini guramak üçin 9 milliard ýewro möçberinde maýa goýdy.
Pariždäki 3-nji, Fransiýadaky 6-njy Olimpiýa oýunlary
Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda bu sport çäresi 6-njy gezek guralýar. Şolaryň 3-si tomusky, 3-si gyşky Olimpiýa oýunlarydyr.Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 3-siniň salgysy hem paýtagt Pariž bolup, bu mundan ozal 1900-nji we 1924-nji ýyllardaky çäräni gurapdy.
Mundan 100 ýyl öň Fransiýanyň başga bir şäheri Şamoniksde ilkinji gyşky oýunlary hem geçirilipdi.Gyşky Olimpiada 1968-nji ýylda Grenobl, 1992-nji ýylda bolsa Albertwill şäherlerinde guralypdy.