16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.
Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.
Agyr atletika boýunça geçiriljek bäsleşige 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Hojamuhammet Toýçyýew we Öwez Öwezow 109, Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde, 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa, 55 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Kristina Şermetowa çykyş ederler.
Mergen Mämmedow ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşar. 52 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça bäsleşiklere gatnaşar.Merdan Ataýew suwda arkanlygyna ýüzmek boýunça 100 we 200 metr aralyga, Darýa Semýonowa bolsa bras usulynda 100 metr aralyga güýç synanyşarlar.
Olimpiýa ýaryşlarynyň geçirilýän günlerinde ussat sport hünärmenleri we tälimçiler türgenleriň ýanlarynda bolarlar.
Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw etdi, olaryň dünýä möçberindäki iri bäsleşiklerde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejede belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport toparyna iberen Ýüzlenmesini uly ruhubelentlik bilen diňlediler.Onda: türkmenistanly türgenleriň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda Sagdynlyk.
Ruhubelentlik.Dostluk. şygaryny öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirilýär.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.