Gawun kädiler maşgalasyna degişli birýyllyk bakja ekini hasaplanýar.Onuň heniz doly bişmedik miwesine terne diýilýär.Gawun kesilip, çigidi aýrylanda, etiniň ýüzünde sarymtyl reňkli süýjüje ýeri bolýar.
Oňa gylaw diýilýär.Bu ekin yssy howany halaýar.Gawun saglyga diýseň peýdalydyr.Halk arasynda Lukman Hekim ady bilen belli bolan Ibn Sina gawunyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr.
Sebäbi gawunyň düzüminde A, B we C witaminleri, marganes, demir, fosfor, kaliý, gant, karotin we başga-da birnäçe adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp.Gawunyň peşew halta, öt halta, bagra, az-azdan iýilse aşgazana, içegelere nepi degýär.
Ol nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär.Tomus paslynyň iň halanýan iýmitleriniň biri bolan gawun barada birnäçe gyzykly maglumatlary size ýetirýäris:
Gawunyň bişýän wagty we görnüşleri biri-birinden tapawutlanýar. Kyrkgünlük, zamça ýaly irbişer gawunlar maý aýynyň ahyrlarynda ýetişýär. Soňra waharman, gyzyl injir, akmaral, gürbek ýaly aralyk gawunlar ýetişýär. Garrygyz, gülaby ýaly giç ýetişýän, uzak wagta durumly gawunlar bolsa tä bahar aýlaryna çenli zaýalanman saklanýar.
Ýurdumyzda gawunyň ajygabyk, akmaňyz, akgürbek, aknabat, aknäzik, aksüýt, garrygyz, garypgaldyran, gök mürli, gök torly, gülaby, dessemmaýa, kyrkgünlük, hytaýy, igdeýaprak, paýendeki, tarlawuk, waharman, zamça ýaly onlarça görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Gawunlaryň watany Afrika we Aziýanyň günorta-günbatar sebitleri hasaplanýar.
Gawun ekilenden soňra, ortaça, 100-130 günden hasyl berýär.
Birýyllyk ösümlik bolup, çyrmaşyk şekilde ösýär.
Dünýäde gawunyň 25 göterimi Hytaýda sarp edilýär. Bu ýurtda ýylda 8 million tonnadan gowrak gawun hasyly alynýar.
Ýubari King atly gawunlar dünýäniň iň gymmat gawuny hasaplanýar. Ýaponiýanyň kiçijik sebitinde ösýän bu ösümligiň miwesiniň gymmat bolmagynyň sebäbi, ol dünýäniň iň süýji gawuny hasaplanýar.
Irki döwürlerden bäri gawunyň ähli bölekleri (miwesi, paçagy, ýapragy, çigidi) halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr.
Gadymy Müsürde miladydan öňki 2 müňünji ýyllarda hem gawun ýetişdirilendigi barada maglumatlar bar.
Şanazar GADAMOW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.