Tomus pasly üçin maslahatlar

Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň!

Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýiň, ýaglyk dakynyň!

Arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, öýlän 18:00-dan soň daşarda gezelenç ediň!

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň!

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň!

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Derman serişdelerini, şol sanda antibiotikleri özbaşdak ulanmaň!

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berjaý ediň!

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp yzygiderli içiň!

Witamin С askorbin turşusyna baý önümleri iýiň!

Günüň dowamynda azyndan 5-6 sany gök önümi we miwe iýiň!

Gök we miwe önümlerini iýeniňizde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý ediň!

Günüň dowamynda 2 litrden gowrak arassa agyz suwuny içiň!

Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri köp iýmekden saklanyň!

Iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk kadalaryny dogry berjaý ediň, olary söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talabalaýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň!

Howuzlarda we deňizde suwa düşülende suwa düşmegiň düzgünlerini berjaý ediň!

Kakadylan miweleri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp iýiň, olaryň mikroelementlere baý önümlerdigini unutmaň!

Öý şertlerinde azyk önümleriniň gaplanýan wagty gaplama usullarynyň arassaçylyk kadalaryny berk berjaý ediň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Sagdyn ýaşaýyş üçin maslahatlar
Türkmenistanyň statistika edarasy statistiki hasabatlary bermegiň sanly platformasyny işe girizdi
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar
Türkmenistanly talyplar matematika boýunça halkara bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular