Tomus pasly üçin maslahatlar

Tomus paslynyň gelmegi bilen howanyň gyzgynlygynyň derejesi hem ýokarlanýar. Günüň ýiti şöhlesi saglyk üçin zyýanly bolup, ysgynsyzlyga, bedeniň suwuklyk derejesiniň peselmegine, deriniň guramagyna we köýmegine getirýär. Şol sebäpli tomsuna dogry iýmitlenmek we möwsüme görä egin-eşikleri saýlamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Bilermenler saglyga zyýan ýetirmezden tomus möwsümini geçirmegiň ýollaryny maslahat berýärler.

Gök önümleri we miweleri iýmeli. Tomusky iýmit sanawynda gök önümdir miwelere esasy orun berilýär. Sogan, hyýar, kädi, garpyz, gawun ýaly gök önümleriň dürli görnüşini iýmek arkaly beden gerekli witaminler bilen üpjün edilýär. Antioksidantlara, witaminlere, minerallara we suwa baý bolan bu önümleri terligine iýmek bilen bir hatarda, olardan işdäaçarlar, süýjülikler we şerbetler hem taýýarlanylýar.

Suwy köp içmeli. Tomus möwsüminde beden üçin iň zerur serişde suw bolup, her gün 3 litr suw içmek maslahat berilýär.Yssy howada bedeniň derlemegi bilen öňkülerden köp suwuklyk bölünip çykýar.

Deriniň we dodagyň guramagy, kellagyry we başaýlanma ýaly alamatlar bedeniň suw ýetmezçiligini aňladýar. Şol sebäpli suw köp içmeli.Limonly şerbet, garpyz şiresi, kokos suwy we gök çaý hem suwsuzlygy gandyrýan peýdaly içimliklerdir.

Tomus möwsüminde kofedir gazly içimlikleri içmek arkaly suwsuzlygy gandyrmak maslahat berilmeýär.

Az-azdan birnäçe gezek naharlanmaly. Tomus gök önümleri iýmegiň wagtydyr. Şonuň üçin ýumurtgany we eti az iýmeli.Bu önümleriň köp iýilmegi iýmit siňdirişde kynçylyk döredip, aşgazanyň gyzgynlyk derejesini ýokarlandyrýar.

Bu bolsa adamy biynjalyk edip, oňaýsyz ýagdaýa salýar.Yssy howada et önümleriniň ornuny balykdyr guş eti bilen çalyşmak has dogrusydyr.Tomusda az-azdan ýeňiljek naharlanmak maslahat berilýär. Şeýle hem düzüminde köp mukdarda uglewod we ýag bolan iýmitlerden gaça durmaly.

Gün şöhlesinden goranmaly. Gün şöhlesi, esasanam, günortan çagy has güýçlenýär. Şol sebäpli zerur bolmasa günortan açyk meýdanda gezmek maslahat berilmeýär.Daň atandan 11:00-a çenli, 17:00-dan soň Gün batýança meýdan işleri bilen meşgullanmak üçin howanyň salkynlaýan wagtydyr.

Tomusda nah matadan taýýarlanan egin-eşikleri geýmek Gün şöhlesiniň täsirini azaltmakda peýdaly bolar. Şeýle hem Güne göni seretmekden gaça durmaly.Zerur halatynda saýawan götermegi ýa-da äýnek dakynmagy ýatdan çykarmaly däl.

Möwsüme görä maşk etmeli. Tomusda bedeniň köp mukdarda suwuklygy bölüp çykarýandygyny göz öňünde tutmak bilen ýapyk binalarda ýerine ýetirilýän maşklary saýlamaly. Ýüzmek tomus paslyndaky iň gowy maşklar toplumy hasaplanýar. Salkyn howada ýöremek we ýoga bilen meşgullanmak hem tomus pasly üçin amatly maşklardyr.

Mör-möjeklerden seresap bolmaly. Tomus meýdan işleriniň gyzgalaňly möwsümi hasaplanýar. Bu möwsümde mör-möjekleriň köpelýändigini göz öňünde tutmak bilen eliňi, boýnuňy we aýaklaryňy ýapyp duran egin-eşik geýmek maslahat berilýär. Şeýle hem daşardan gelip öýe girmezden ozal egin-eşikleriňi silkmek we gözden geçirmek maslahat berilýär.

Kadaly uklamaly. Tomusda günler gaty uzyn bolany üçin günortanyna dynç almak (az wagtlyk uky) bedeniň güýç toplamagy üçin peýdalydyr. Gijesine 7-8 sagat uklamak esasy şertleriň biri bolup, kadaly uky alynmadyk ýagdaýynda saglyk bilen bagly meseleler: baş aýlanma, ýadawlyk, ysgynsyzlyk, ýürek bulanma we özüňi agyr duýmak ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Ýene degişli makalalar

Tomus pasly üçin maslahatlar
Aşgazan-içege ýokançlaryndan goranmagyň ýollary…
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk konsertine tomaşa etdi
Resmi habarlar
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylar
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili