Tehnologiýanyň önümi hasaplanýan hem bolsa, doňdurma aslynda, has irki döwürlerden bäri iň halanyp iýilýän datly tagamlaryň biridir.Gadymy döwürlerde Hytaýda, Rimde we Müsürde bu iýmitiň bardygy aýdylýan hem bolsa, häzirkilere meňzeş doňdurmanyň Eýranda taýýarlanandygy barada maglumatlar bar.
Irki döwürlerde daglaryň ýapgytlarynda çukur gazyp, ony gar bilen doldurýan ekenler.Depäniň guzaý tarapynda gurulýan ýahdanlar tomus paslynda adamlara sowadyjy hökmünde hyzmat edipdir. Ýeri gelende aýtsak, şeýle desgalaryň biziň ýurdumyzda hem häzirki günlere çenli saklanyp galandygy bellärliklidir.
Ilkinji doňdurmalar hem ýahdandaky buza süýt, gaýmak, bal, şerbet, dürli ysly otlar sepilip, birnäçe wagt saklanmagy netijesinde taýýarlanypdyr.Gadymy Gresiýada Afinyda buz käseleriniň içinde miweden taýýarlanan sowuk tagamyň satylandygy, Aziýa ýurtlarynda süýtden we baldan taýýarlanan sowuk süýjüligiň bolandygy, Rim imperiýasy döwründe gurply maşgalalaryň gardan we buzdan taýýarlanan süýjüligi iýendigi bellenilýär.Italýan jahankeşdesi Marko Polo 1292-nji ýylda Uzak Gündogar ýurtlaryndan gaýdyp gelensoň, şol ýerde öwrenen doňan baldan, süýtden we gaýmakdan taýýarlanan süýjüligiň Wenesiýa we Demirgazyk Italiýa ýaýramagyna goşant goşupdyr.Häzirkilere meňzeş doňdurmalar Ýewropa ýurtlarynda XVII asyrda peýda bolup başlaýar.
Bu usulda gaýmak bilen bala şokolad ýa-da ülje goşulyp taýýarlanypdyr.Onuň sowuk bolmagy üçin gar ýa-da buz goşupdyrlar. Şol ýyllar doňdurma taýýarlanýan bedre görnüşli guty ýasalypdyr.
Onuň içine gerekli zatlar goşulyp, endigan garylypdyr.1850-nji ýyllardan başlap, doňdurmalar tehnikanyň ösmeginiň hasabyna uly mukdarda öndürilip ugralýar.Sowadyjyly ulaglaryň peýda bolmagy bilen bu önüm gündelik durmuşda has giňden ýaýraýar.Geçen asyryň ortalarynda gaplanan taýýar doňdurmalar barha ýaýbaňlanýar. Şol ýyllardan başlap, bu datly önüm diňe aýratynlykda satylman, restoranlaryň tagamnamalarynda hem öz mynasyp ornuny alýar.Yssy howada iýilmegi halanýan hem bolsa, doňdurma sarp etmekde Demirgazykdaky has sowuk ýurtlar öňdeligi eýeleýär.
Her ýylda adam başyna doňdurma sarp etmekde Şwesiýa (10 l), Finlýandiýa we Norwegiýa (9 l), Daniýa (8 l) öňdeligi elden giderenok.Fransuz himigi Nikola Lemeriniň 1674-nji ýyldaky kitabynda doňdurmanyň taýýarlanyşy ilkinji gezek düşündirilýär.1774-nji ýylyň maý aýynda “New York Gazette” neşirinde çap edilen bildirişde beýleki önümler bilen bir hatarda, doňdurmanyň köpçülikleýin mahabaty edilýär.
Kiçi göwrümli bildirişde Filippo Lenziniň Londondan golaýda gelendigi we mürepbäniň, süýji önümleriniň we doňdurmanyň dürli görnüşlerini öndürjekdigi we onuň satuwyny ýola goýjakdygy aýdylýar.Tehnikanyň ösmegi netijesinde bolsa, doňdurma taýýarlamagyň has döwrebap usullary işlenip düzülipdir.
Häzirki wagtda ýörite kärhanalarda öndürilýän doňdurmalar söwda nokatlarynda sowadyjylarda satylýan bolsa, kiçeňräk enjamlarda taýýarlanýan doňdurmalar hem müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrýar.