Garpyz ýaz aýlarynda iň köp iýilýän bakja önümleriň biridir.Ata watany Afrika hasaplanýan garpyzyň paçagy galyň, içi bolsa, gyzyl reňkli we suwly bolýar.Dünýäniň köp ýerindäki howa şertleri, ony ýetişdirmek üçin örän amatlydyr.
Kädiler maşgalasyna degişli bolan garpyz (“Citrullus lanatus”) otjumak ösümligiň miwesidir.Taryhy çeşmelerde bu bakja ekininiň gadymy Müsürliler döwründe ösdürilip ýetişdirilendigi barada maglumatlar bar.Garpyz ýyly topragy halaýar we tohumy ekiljek topragyň ýylylyk derejesi ortaça 120 derejeden ýokary bolmaly.
Yzgarly toprakda we kölleriň golaýynda ekilende has bol hasyl berýär.Sowuga gaty çydamly bolmansoň, aprel we maý aýlarynda ekilip başlanýar.Ol ekilende 3 sm çuňluga 2-3 sany tohum atylýar.
Garpyza gyzyl reňki berýän likopen maddasy şol bir wagtyň özünde adamyň saglygyna hem örän peýdalydyr.Siňdiriş ulgamyna peýdaly bolansoň, adatça nahardan soň iýilýär.Ol gözüňe, aşgazanyňa, bagryňa we böwregiňe örän peýdalydyr.
Häzirki wagtda dünýäde onuň 1200-den gowrak görnüşi bar.Diňe gyzyl däl, eýsem, sary garpyz hem bolýar.Garpyzyň bu täsin görnüşi, esasan, Hytaýda ösdürilip ýetişdirilýär.Onuň tagamy gyzyl garpyzdan has tapawutly.
Bakja ekininiň bu görnüşi hiç hili dökün we himiki serişdeler ulanmazdan ösdürilip ýetişdirilýär.Balarylar sary garpyzyň gülünden has ýokary hilli bal öndürýärler.Bu garpyzyň düzüminde ýagyň ýokdugy we kaloriýasynyň pes bolmagy, kalsiý, kaliý, B we C witaminlerine baý bolmagy bilen tapawutlanýar.
Garpyz önümçiliginde Hytaý öňdeligi eýeleýär.