
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezident wezipesine dört ýyllyk möhleti bilen täzeden saýlandy.Wirtual görnüşde geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 137-nji mejlisinde 67-ýaşly Tomas Baha prezident wezipä saýlanmagy üçin hereket edýän 94 agzasyndan 93 agzasy onuň bellenilmegine ses berdi. 1976-njy ýylda geçirilen Monrealdaky Olimpiýa oýunlarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň milli ýygyndy toparynda sportuň Gylyçlaşmagy boýunça altyn medalynyň eýesi, Tomas Bah HOK-niň prezident wezipesine ilkinji gezek 2013-nji ýylyň Buenos-Aýres şäherinde sekiz ýyllyk möhleti bilen saýlanyldy.
Tomas Bahyň wezipede bolmagynyň möhleti 8-nji awgustda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň soňky gününe düşüp tamamlanýar. Onuň HOK-niň prezidenti wezipesinde bolmagynyň ikinji möhleti Olimpiýa oýunlarynyň tamamlanan wagtyndan 2025-nji ýyla çenli dowam eder.
Çeşme: olympic.org