Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?

Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?

Variety neşiri Golliwudyň iň meşhur aktýorlarynyň näçe gazanýandygyny anyklady. Öňde, gürrüňsiz, Tom Kruz durýar, ol biçak şowly çykan "Top Gan: Mewerik" üçin 100 mln dollar alar. Sebäbi aktýora diňe bir elhaky däl, eýsem, umumy ýygymlardan gelýän göterim hem tölenmekçi.

Ikinji ýerde "Emansipasiýa" trilleri üçin 35 mln dollar aljak Uill Smit durýar. Üçünji ýeri deňine iki aktýor eýeleýär: Leonardo Di Kaprio "Gülli Aýyň ganymy" üçin 30 mln dollar we Bred Pitt hem Formula-1 baradaky atsyz serial üçin şonça mukdardaky puly alar.

Gyzyklanma üçin Robert Dauni-kiçini hem belläp geçeliň, ol Kristofer Nolanyň "Oppengeýmer" filmi üçin bary-ýogy 4 mln dollar alar.Variety-niň belleýşi ýaly, onuň hem sebäbi aktýorlar, elhaky azajygam bolsa, atly režissýorlar bilen işleşmäge ölemen höwesek.

Golliwudyň iň köp elhaky alýan aktýorlary:

Ýene degişli makalalar

Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Kristofer Nolan Başlangyç filminiň jemlemesini düşündirdi
Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi