Aktýor Tom Hardi sosial ulgamda Wenom atly filmleriň üçünjisiniň ssenarisini ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Hardi ssenariniň daşky jildiniň suratyny sahypasynda ýerleşdirdi, onuň bilen bile ssenariýanyň üstünde öňki iki Wenomyň edebi esasyny ýazmaga gatnaşan Kelli Marsel işleşdi.
Ýordumyň jikme-jiklikleri heniz belli däl, birinji Wenom 2018-nji, ikinji bölüm 2021-nji ýylyň güýzünde ekranlara çykdy. Filmleriň ikisi dünýä prokatynda 1,3 milliard ABŞ dollary möçberinde kassa ýygymyny toplady.
Sony Pictures studiýasy bu filmiň trikweliniň, ýagny üçünjisiniň üstünde işlenilýändigini geçen ýylyň dekabrynda habar beripdi.