Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň 2028-nji ýylda doglan gününiň 200 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek baradaky karara gol çekdi. Guramaçylyk komitetine Prezident administrasiýasynyň başlygy Anton Waino ýolbaşçylyk eder. Degişli resminama kanuny maglumatlaryň resmi portalynda çap edildi.
Milli we dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan rus ýazyjysy, filosofy Lew Tolstoý 1828-nji ýylyň 28-nji awgustynda Tula guberniýasyndaky Ýasnaýa Polýana diýen ýerde baý aristokrat maşgalada dünýä inýär.
Ol Kazan uniwersitetinde okaýar, ýöne soňlugy bilen ony taşlamaly bolýar. 23 ýaşynda Çagalyk, Ýetginjeklik we Ýaşlyk ýaly awtobiografik trilogiýalaryny ýazýar.Artilleriýanyň serkerdesi bolan Tolstoý harby wezipesini tamamlandan soňra, Sankt-Peterburga gidýär.
Onuň Sowremennik žurnalynda çap etdiren Sewastopol hekaýalarynda ýazyjylyk ukyby bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.Tolstoý 1857-nji ýylda Ýewropa syýahata gidýär.Ol 1853-nji ýyldan 1863-nji ýyla çenli aralykda Kazaklar atly powestini ýazyp bolandan soňra edebiýat işini bes edip, mülkdar bolmagy we obada aň-bilim işleri bilen meşgul bolmagy ýüregine düwýär.
Ol şu maksat bilen Ýasnaýa Polýana gelýär we daýhanlaryň çagalary üçin mekdep açyp, özüniň şahsy tälim beriş ulgamyny döredýär.Ýazyjy 1863-1869-njy ýyllarda Uruş we parahatçylyk atly uly romanyny, 1873-1877-nji ýyllarda Anna Karenina romanyny ýazýar. Şu ýyllarda ýazyjynyň dünýägaraýşy bütinleý kämilleşip, onuň Toba, Meniň ynamym näme?, Kreýseriň sonaty ýaly eserlerinde durmuşyň düýpli meseleleri gozgalýar.
Onuň taglymaty dini-pelsepewi eserlerinde beýan edilip, adamyň ahlak kämilligi, şere we betniýetlilige garşy esasy daýanç hökmünde görkezilýär.Soňra ýazyjynyň Tümlügiň hökmürowanlygy, Aň-bilimiň miweleri ýaly durmuşyň kanunlary hakynda öwüt-nesihat berýän hekaýalar tapgyry çapdan çykýar.Ýasnaýa Polýana bütin dünýäden we ýurduň ähli künjeklerinden ýazyjynyň döredijiligine hormat goýýanlar we oňa ruhy halypa hökmünde garaýanlar gelip ugraýar. 1899-njy ýylda onuň Janlanma atly romany çap edilýär.
Ata Sergiý, Baldan soňra, Goja Fýodor Kuzmiçiň ýazgylary we Diri meýit dramasy ýazyjynyň iň soňky eserleridir.Tolstoýyň ýüreginden syzylyp çykan eserlerinde özüniň ruhy dramasy hem beýan edilip, jemgyýetiň öňünde durmuşyň hakyky manysy çarpaýa galýar.
Ol 1910-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Ýasnaýa Polýanany taşlap gidýär, ýolda barýarka keselläp, otludan düşýär we Astapowodaky Rýazan-Ural demir ýol stansiýasynda galmaga mejbur bolýar.Ol bu ýerde stansiýanyň başlygynyň öýünde ömrüniň iň soňky hepdesini geçirip, 1910-njy ýylyň 7-nji noýabrynda aradan çykýar.