Tolkun nädip emele gelýär?

Deňizler, derýalar, köller asyrlaryň dowamynda ýolagçy we ýük gatnawy üçin peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky dürli gatnaşyklar has ýygjamlaşdy. Arzan we amatly hasaplanýandygy sebäpli halkara haryt gatnawynyň uly bölegi gämiler arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem gämiler beýleki ulag serişdeleri bilen äkidip bolmaýan uly göwrümli harytlary daşamaga mümkinçilik berýär.

Deňizlerde we köllerde ýeliň turmagy, Aýyň dartyş güýjüniň artmagy ýa-da azalmagy, ummanlaryň aşagynda ýer yranmasy zerarly tolkun emele gelýär.Deňziň ýa-da kölüň kenaryna baranyňyzda tolkunyň birsyhly kenara urýandygyny görensiňiz.

Bu tolkuny şemal emele getirmeýär. Şemal diňe bir tarapa şol bir güýçde öwüsmeýär.Deňziň kenardan uzak ýerinde yzygiderli ugruny üýtgedýän şemal hersi başga bir ugra tarap hereket edýän tolkuny döredýär.

Emma bu tolkunlar kenara golaýlanda birigip, ugruny kenara tarap öwürýärler.

Açyk deňizlerde beýikligi 25 metrden geçýän tolkunlar emele gelýär. Häzire çenli deňizleri öwrenmek maksady bilen emeli hemralardan hem peýdalanylýar. Deňizleri gorap saklamak maksady bilen peýdalanylýan bu enjamlar arkaly belentligi 25 metre ýakyn tolkunlar hasaba alnypdyr. Äpet tolkunlardan goranmak üçin gäminiň aşagyna ýasy enjam birikdirilýär. Geçen asyryň başlaryndan bäri ulanylýan bu enjam güýçli tolkunda gämini deňagramly saklamaga ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly ýük ulagy
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Türkmen Lideri Daşoguzda "Türkmeniň ak öýi" binasyny açyp, ulanmaga berdi
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda Türkmeniň ak öýi binasy açyldy
Äpet hem owadan jandar
Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi