
Tokioda Nippon Budokan söweş sungaty zalynda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde çäre geçirildi.
Merhumy hatyralamak çäresine 4,5 müňe golaý adam, şol sanda 34 sany döwlet baştutany hem-de 14 sany öňki döwlet baştutanlary gatnaşdy. Türkmenistandan bu çärä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bardy. Bellenilişi ýaly, döwlet derejesinde jaýlamak çäresi Ýaponiýada 1967-nji ýyldan bäri, öňki premýer-ministr Sigeru Ýosidanyň aradan çykanyndan bäri ilkinji gezek geçirilýär.