Tokioda Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Tokioda Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dabara Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Sakamoto Hideki, Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Bilim, medeniýet, sport we tehnologiýa ministrlikleriniň, Ýaponiýanyň merkezi döwlet-jemgyýetçilik teleradiokompaniýasynyň we ýapon jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat we Tokio Merkezi Aziýa — Ýaponiýa formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlanýar
Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Sagatda 500 kilometr tizlik bilen hereket eder
Dünýäniň öňdebaryjy täjirçilik şäherleri
“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-taslamalar bäsleşigiň netijeleri jemlendi