Senagat taýdan ösen ýurtlaryň bir bolan Ýaponiýanyň ilaty soňky ýyllarda artmagyň deregine azalýar. Şeýle bolansoň ýurduň hökümeti, ýerli häkimiýetler we hususy kompaniýalar ýörite maksatnamalar taýýarlap, munuň öňüni almaga çalyşýarlar.
Tokionyň ýerli häkimiýeti geljek ýylyň aprel aýyndan başlap, dört günlük iş hepdesine geçiljekdigini mälim etdi. Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary çagaly işgärlerine maşgalalaryna wagt aýyrmaklary maksady bilen şeýle karara gelipdir.Täze düzgüne görä, 3-nji synpa çenli başlangyç synpda okaýan çagasy bolan işgärler işden ir gaýdyp bilerler. Şeýle-de bolsa, olaryň gysgaldylan iş wagty üçin zähmet haky azaldylar.
Tokionyň häkimi Ýuriko Koike çaga edinmek ýa-da olara ideg etmek isleýänleriň karýerasyndan geçmäge mejbur bolmazlygyny ýola goýmak isleýändiklerini aýtdy.Ol şu maksat bilen iş şertlerindäki çeýelige gaýtadan seretjekdiklerini belledi. Ýurtda mundan ozal hem maşgala gymmatlyklaryny saklamak üçin dürli maksatnamalar durmuşa geçirilipdi.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, ýurtda ömrüň dowamlylygynyň uzalmagy hem-de çaga dogluşynyň azalmagy sebäpli demografiýa üýtgeýär.Maglumatlara görä, ýurtda 65 ýaşdan ulularyň sany 36 million 227 müňe, 75 ýaşdan ýokary ilatyň sany 20,08 milliona ýeten bolsa, 14 ýaşdan kiçileriň sany 14 million 173 müňe çenli azalypdyr.
Bütindünýa bankynyň maglumatyna görä, geçen ýyl ýurtda zenanlaryň 55 göterimi, erkekleriň 72 göterimi işçi güýjüne goşulypdyr. /* custom css */ .td_uid_15_67582f788f8b7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67582f788f8b7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }