Türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny alyp barýar. Ol ştangany silterläp götermek boýunça 90 kilogramlyk netije görkezdi.
Biziň ildeşimiziň agram derejesiniň (55 kilograma çenli) A toparçasynda 9 türgen ýaryşdy. Olaryň ählisi hem halkara ýaryşlaryň ýeňijileridir.
Kristina Şermetowa birinji synnayşykda 90 kilogramlyk agyrlygy eýgerdi. Ikinji gezekde 93 kilogram agyrlygy sargyt eden ildeşimiz bu gezek ony eýgermedi. Şeýlelikde, ol silterläp götermekdäki üçünji synanyşygynda hem ýene şol agyrlygy ― 93 kilogramy sargyt etdi. Ýöne bu gezek hem agyrlyk oňa başartmady.
Ştangany götermegiň bu görnüşinde esasy bäsdeşlik filippinli Hidilin Diýazyň, özbegistanly Muattar Nabiýewnyň we hytaýly Kuýun Liaonyň arasynda gitdi. Hytaýly we filippinli türgen ýaryşy 97 kilogram agyrlyk bilen tamamlan bolsa, özbek türgeni 98 kilogram agyrlygy eýgerip, Olimpiýa rekordyny goýdy we bu görnüş boýunça altyn medala mynasyp boldy.