Tokio ― 2020: Hojamuhammet Toýçyýew Olimpiýa oýunlaryny dördünji orunda tamamlady

Tokio ― 2020: Hojamuhammet Toýçyýew Olimpiýa oýunlaryny dördünji orunda tamamlady

Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynda dördünji orny eýeledi. Biziň ildeşimiziň 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşandygyny ýatladýarys.

Hojamuhammet Toýçyýew ştangany silterläp götermekde 184, iteklemekde 230 kilogram agyrlygy eýgerdi. Şeýlelikde, ýaryşy 414 kilogramlyk netije bilen tamamlan ildeşimiz dördünji orny eýeledi.

Garaşylyşy ýaly, Tokio Olimpiadasynyň altyn medalyna gruziýaly Laşa Talakadze mynasyp boldy. Ýaryşyň dowamynda sekiz gezek täzelenen Olimpiýa we dünýä rekordlarynyň ählisi hem şu türgene degişlidir. Şeýlelikde, ol ýaryşy 488 kilogramlyk netije bilen tamamlady (223+265 kg.).

Eýranly Ali Daudi 441 kilogramlyk (200+241 kg.) bilen ikinji, siriýaly Man Asad 224 kilogram (190+234 kg.) üçünji orny eýeledi.

Hojamuhammet Toýçyýew bürünç medal üçin itekläp götermekde üçünji synanyşygynda 241 kilogram agyrlygy sargyt edip, töwekgelçilik eden bolsa-da, muny başaryp bilmedi. Şeýlelikde, ol bürünç medalçydan 10 kilogram pes netije bilen ýaryşy dördünji orunda tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Ahmet Saryýew: Polina Gurýewa gyzlarda agyr atletika bolan höwesi artdyrdy
Polina Gurýewa: Agyr atletikaçy ýigitlerimize-de üstünlik arzuw edýärin
ÇARY MÄMMEDOW: TOKIO OLIMPIADASYNDAN TAMAMYZ ULY
Türkmenistan Olimpiýa oýunlarynda garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji medalyny gazandy
Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy