Türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny 205 kilogram agyrlygy eýgermek bilen tamamlady. Şeýlelikde, ol 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 14 türgeniň arasynda ilkinji altylyga girdi.
Biziň ildeşimiz ştangany silterläp götermekde 90 kilogram agyrlygy eýgerdi. Bu agyrlygy ilkinji synanyşygynda göteren K.Şermetowa soňky iki synanyşykda 93 kilogram agyrlygy talaba laýyk götermek başartmady.
Ştangany itekläp götermekde bolsa ol birinji synanyşygynda 111, ikinjide 115 kilogram agyrlygyň hötdesinden geldi. Üçünji gezekde 117 kilogram agyrlygy sargyt etse-de, biziň ildeşimize bu sepgit eýgertmedi. Şeýlelikde, ol Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny 205 kilogramlyk netije bilen tamamlady.
Kristina Şermetowanyň agram derejesindäki medal bäsleşigi ha ýiti gitdi. Özbegistanly Muattar Nabiýewa ştangany silterläp götermekde 98 kilogram agyrlygy eýgerip, 97 kilogram möçberinde bellenilen Olimpiýa rekordyny täzelän hem bolsa, itekläp götermekde garaşylan netijäni görkezip bilmedi. Ol ştangany götermegiň ikinji görnüşinde 114 kilogram agyrlygy göterip, 212 kilogramlyk netije bilen umumy hasapda dördünji orna düşdi.
Tersine, ştangany silterläp götermekde 90 kilogramdan ýokary geçip bilmedik gazagystanly Zulfiýa Çinşanlo iteklemekde 123 kilogram agyrlygy eýgerip, şu görnüşde we umumy hasapda bürünç medaly gazandy. Eger birinji görnüşde özbek we gazak agyr atletikaçylarynyň arasynda 8 kilogramlyk tapawut dörän bolsa, ikinji görnüşde Z.Çinşanlo hem-ä bu tapawudy ýapdy, hem-de, bürünç medala mynaasyp boldy.
Öňünden hem garaşylyşy ýaly, esasy ýeňiş ugrundaky bäsdeşlik filippinli Hidilin Diaz bilen hytaýly Kuýun Liaonyň arasynda geçdi.Olimpiýa rekordlarynyň birnäçe gezek täzelenen iteklemek boýunça ýaryşda 121 kilogramlyk rekordy 127 kilograma çenli ösdüren filippinli türgen bu başarjaňlygy bilen umumy ýaryşyň altyn medalyna hem mynasyp boldy. Şeýlelikde, ol iki görnüşiň jemi boýunça 224 kilogram agyrlygy eýgerip (97+127), ýene bir Olimpiýa rekordyny goýdy.
Iteklemekde 126 kilogram agyrlygy götermegi başaran hytaýly türgen bolsa iki görnüşiň jemi boýunça filippinli bäsdeşinden bary-ýogy 1 kilogram yza galyp, Watanyna kümüş medal bilen dolanmaly boldy. Ol silterlemekde Hidilin Diýaz bilen deň netijäni görkezipdi ― 97 kilogram. Ýöne itekläp götermekde ondan 1 kilogram yza galdy.
Biziň ildeşimiz baradaky gürrüňe dolanyp gelsek, Olimpiýa oýunlarynyň altynjy ornuny gazanmak bilen, ol 2017-nji (ABŞ) we 2019-njy (Tailand) ýyllarda dünýä çempionatlarynda, 2017-nji (Aşgabat), 2019-njy (Hytaý) we 2020-nji (Özbegistan) ýyllarda Aziýa çempionatynda görkezen netijelerini gowulandyrdy. 2018-ni ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatyndaky we ýene şol ýyl Indoneziýada bolan Aziýa oýunlaryndaky netijesinden bolsa pes görkezijä eýe boldy.
Her niçik hem bolsa, 14 türgeniň arasynda altynjy orny eýelemek türkmenistanly agyr atletikaçy gyz üçin özboluşly üstünlikdir.
Tokio ― 2020
Agyr atletika, zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesi:
1. Hidilin Diýaz, Filippinler, 97+127 (O.R.) = 224 (O.R.)
2. Kuýun Liao, Hytaý, 97+126=223
3. Zulfiýa Çinşanlo, Gazagystan, 90+123=213
.................................................
6. Kristina Şermetowa, Türkmenistan, 90+115=205.