Tokaýlaryny gaýtadan dikeldýär

Afrikanyň günortasyndaky Angola giň tokaýlary bilen bellidir.Kenarýaka ýurduň uly bölegini tokaýlyklar emele getirýär.Emma köp ýylyň dowamynda ýerasty magdanlary çykarmak, ekerançylyk we beýleki maksatlar üçin tokaýlaryň meýdany azalypdyr. Ýurtda seýrekleşen ýa-da ýok bolan tokaýlary gaýtadan dikeltmek maksady bilen maksatnama durmuşa geçirilýär.

Maksatnamanyň çäklerinde dürli görnüşli agaç nahallarynyň 1 milliony oturdylypdyr.Birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň bütin çäginde 100 müň gektardan gowrak meýdany tokaýlyga öwürmek göz öňünde tutulýar.Angolanyň uly bölegini mes toprakly, ekerançylyga amatly ýerler emele getirýär. Ýyllaryň dowamynda bu bereketli topraklaryň bir bölegi ýerasty göwherleri çykarmak üçin zaýalanypdyr.

Ilkinji nobatda magdan üçin ýok edilen tokaýlar gaýtadan dikeldiler.Maksatnamanyň çäklerinde ilkinji nahallar Çipeta kommunasyndaky göwher şahtasynyň golaýynda oturdylypdyr.Bu nahallar tebigy ekoulgamy gaýtadan emele getirmäge ýardam eder.

Maksatnamanyň çäklerinde şol ýeriň toprak-howa şertlerinde gowy ýetişýän agaç nahallary saýlanyp alynýar.Maksatnamany durmuşa geçirýänler ýaşlaryň geljek onýyllyklaryň dowamynda bu halk bähbitli işe goşandyny goşjakdygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Yhlas ATAÝEW,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär
Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy
131 karatlyk göwher tapyldy
Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi